Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda, paýtagtymyz Aşgabat düýpgöter özgerýär. Milli Liderimiz paýtagtymyz Aşgabady döwrebap ýagdaýda ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan işler bilen yzygiderli tanşyp durýar.
Şu ýyl türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk toýuny toýlaýar. Bu şanly baýramçylygy giňden bellemek üçin uludan taýýarlyk görülýär. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz dikuçarda uçuşyň, awtoulagda saparyň barşynda alnyp barylýan işlere, şäheriň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çärelere ünsi çekdi.
Häzirki wagtda türkmen paýtagty Aziýa sebitiniň merjenine öwrüldi. Munuň özi aşgabatlylaryň we ähli türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar, edara binalary we beýleki maksatly desgalar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde peýda bolan täze ýaşaýyş jaý toplumlary hem haýran galdyrýar. Olarda şäherli maşgalalaryň müňlerçesi – dürli ulgamlaryň we pudaklaryň işgärleri täze jaý toýlaryny tutdular.
Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynyň çäklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak işi dowam edýär, olarda zerur durmuş düzüminiň ählisi döredilýär. Bu taslamalary amala aşyrmakda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigi bellärliklidir. Häzirki wagtda olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.
Oguz han köçesiniň günorta böleginde, belent ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny hem-de durmuş-medeni maksatly desgalary öz içine alýan täze toplumyň peýda bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol desgalar geçen ýylyň güýzünde açyldy. Umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolan bu toplum paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde guruldy hem-de 30-dan gowrak desgany özüne birleşdirdi.
Şäheri ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynda hem has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly desgalaryň hem-de düzümleýin binalaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy. Parahat – 7 ýaşaýyş toplumy paýtagtymyzyň ägirt uly gurluşyk meýdançasy bolup durýar. Bu ýerde köp gatly ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, mekdepleriň we çagalar baglarynyň birnäçesi, Saglyk öýi hem-de beýleki durmuş maksatly desgalar ýerleşer. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň beýleki etraplarynda ýaşaýyş jaý toplumyny ösdürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar amala aşyrylýar.
Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda häzirki zaman ölçeglerine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän iri ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar. Taslamada 72 hem-de 48 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 18-sini gurmak göz öňünde tutulýar. Belent binalardan başga-da, üç we dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-sy, iki gatly kottejleriň 208-si, dükanlaryň 11-si gurlar. Paýtagtymyzyň günorta böleginde, “Aşgabat” köpugurly stadiona ýanaşyk çäkde az gatly binalary gurmak üçin ýer bölünip berildi.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň taslamasynyň çäklerinde beýleki durmuş maksatly desgalar, şol sanda 160 orunlyk çagalar bagy we 600 okuwça niýetlenen umumybilim berýän orta mekdep gurlar. Bu ýerde awtoulag ýollarynyň 13,6 kilometrden gowragynyň gurluşygyny dowam etmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki döwürde Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýär. Olimpiýa şäherjigini gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Onuň desgalarynyň käbiri eýýäm guruldy we ulanylmaga berildi. Ýeri gelende aýtsak, bu köpugurly sport toplumy eýýäm iri sport ýaryşlarynyň – halkara synag ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýylyň maý aýynda bu ýerde sambo boýunça Aziýanyň çempionaty, iýun aýynda bolsa, türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi.
Ekologiýa meselesi hem Aşgabady ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen paýtagtynda täze desgalaryň gurluşygy we bar bolan binalaryň durkuny täzelemek işleri bilen birlikde, ýaşyl hem-de seýilgäh zolaklaryny döretmek we abadanlaşdyrmak boýunça hem işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň we onuň baş şäheriniň ekologiýa abadançylygy meselelerine aýratyn üns berip, ilatyň arasynda has amatly durmuş we estetik gurşawy kemala getirmekde möhüm orun eýeleýän bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtaýar. Paýtagtymyzyň gözelligi bilen aýratyn sazlaşyk döredýän, ýaşyl öwüsýän hem-de oňaýly seýilgähleri we seýilbaglary şäherlileriň höwes bilen dynç alýan ýerlerine öwrüldi.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän hem-de Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip, yglan edilen şu ýylda okgunly ösýän Aşgabatda täze möhüm desgalaryň birnäçesi peýda boldy.
Olaryň hatarynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli iri desgalaryň birnäçesi, şol sanda Morfologiýa merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi bar. Olaryň ählisi halkara güwänamalaryna mynasyp boldy. Olar Türkmenistanda binagärlik babatda ilata hyzmat ediş ulgamynda ösüşiň ýokary derejesini tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň ýagdaýy hem-de taýýarlyk derejesi bilen tanyşlygyň barşynda gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi. Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, has amatly şäher gurşawyny döretmegiň, Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy görkezijidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, şanly sene mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramynyň medeni maksatnamasy bilen tanşyp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň türkmen toýuna mahsus ruhda guralmagy üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegiň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz baýramçylyk dabaralarynyň türkmenistanlylaryň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň ýadynda müdimilik galmagy üçin eýýäm häzirden bu çäreleri guramak hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlemegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çäreleriniň ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazmalydygyny nygtady hem-de ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.