Hy­ta­ýyň Guýç­žow we­la­ýa­tyn­da şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da işe gi­ri­zil­jek, dün­ýä­de iň uly ra­dio­te­les­ko­pyň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy di­ýip, “Sin­hua” agent­li­gi ha­bar ber­ýär. Bu des­ga­nyň gur­lu­şy­gy bäş ýyl­lap do­wam edip, oňa 180 mil­li­on dol­lar sarp edil­di. Ra­dio­te­les­kop 4450 aý­ry plas­tin­den yba­rat. Onuň meý­da­ny 30 sa­ny fut­bol meý­dan­ça­sy­na ba­ra­bar. Alym­lar onuň kö­me­gi bi­len Äle­miň ge­lip çy­ky­şy­na akyl ýe­tir­mä­ge, şeý­le hem Ýer­den da­şar­da­ky ýa­şaý­şy tap­ma­ga ta­gal­la ed­ýär­ler.

– Bu te­les­ko­pyň Äle­mi we Ýer­den da­şar­da­ky dur­mu­şy göz­le­mek­de ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lar. Alym­la­ryň onuň ýar­da­my bi­len be­ýik açyş­la­ry ama­la aşyr­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn – di­ýip, açy­ly­şa gat­na­şyjy­ hünärmenleriň bi­ri aýt­dy. Hy­ta­ýyň mil­li ast­ro­no­mi­ýa ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ženg Şa­on­ýa­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ra­dio­te­les­kop­da Äle­miň ýü­ze çyk­ma­gy­na çuň­ňur dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän aý­ra­tyn­lyk­lar bar. Ra­dio­te­les­kop kos­mos ji­sim­le­ri­niň ra­dio şöh­le ýaý­rat­ma­la­ry­ny ka­bul edip, ola­ryň hä­si­ýet­le­ri­ni öw­ren­ýär. Ol an­ten ab­zal­lar­dan we ka­bul edi­ji duý­gur gur­luş­lar­dan yba­rat­dyr. Olar ka­bul edi­len ra­dio­şöh­le­le­ri güýç­len­dir­ýär­ler we bel­lik et­mek üçin amat­ly gör­nü­şe ge­çir­ýär­ler.
“Kep­ler” te­les­ko­py­nyň ýar­da­my bi­len al­nan mag­lu­mat­lar beý­le­ki te­les­kop­lar we ob­ser­wa­to­ri­ýa­lar bi­len bar­la­nyl­dy. Ne­ti­je­de, il­ki­baş­da­ky da­laş­gär­le­riň ara­syn­dan 104 pla­ne­ta yk­rar edil­di.