Futzal boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda “Aşgabat” topary ýeňiş gazandy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde 7 toparyň arasynda geçirilen ýaryşyň jemleýji tapgyrynda sanawyň öňdebaryjy 2 topary duşuşdy. “Aşgabat” bilen “Talyp sporty” toparlarynyň arasyndaky bu oýunda 2–1 hasabynda ýeňiş gazanan paýtagtyň adybir topary çempion diýen ady eýeledi. Kamil Mingazowyň tälimçiligindäki topar geçiren 6 duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp, 18 utuk toplamagy başardy. “Aşgabat” toparynyň gyzlary şol 6 oýunda 60 pökgini derwezä girizip, 1 goly-da derwezelerinden geçirtdiler.
Çempionatda 2-nji orna “Talyp sporty” topary mynasyp bolup, olar 6 duşuşykda 15 utuk topladylar. Marynyň “Mary” topary 12 utuk bilen çempionaty 3-nji basgançakda tamamlady. Şeýle-de “Lebap”, “Ahal”, “Daşoguz” we “Balkan” toparlary degişlilikde, 4–5–6–7-nji orunlary eýelediler.
6 duşuşykda 21 gezek tapawutlanan “Aşgabat” toparynyň futzalçysy Mariýa Çaryýewa çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. “Mary” toparynyň futzalçysy Läle Haýypowa çempionatyň iň ökde oýunçysy, “Talyp sporty” toparyndan Malika Eminowa iň ökde derwezeçi diýlip saýlandy.