Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy at­ ça­py­şy­gy ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Gon­kong der­bi­sin­de” (Hong Kong Der­by) Gol­den Sixty at­ly at ýe­ňiş ga­zan­dy. S. Ý. Ho­nuň ça­pan aty 2000 metr ara­ly­gy 2,015 mi­nut­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Onuň gör­ke­zen ne­ti­je­si bu ýa­ry­şyň çä­gin­de soň­ky 20 ýyl­da­ky iň ýo­ka­ry görkeziji hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­ryş­da Playa Del Pu­en­te at­ly at 2-nji, Mo­re Than This bol­sa, 3-nji or­ny eýe­le­di. 1873-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän bu ýa­ryş dün­ýä­niň ab­raý­ly at ­ça­py­şy­gy bäs­le­şik­le­ri­niň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýär. Umu­my baý­rak gaz­na­sy 2,3 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan ýa­ry­şa bu ýyl az jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Ça­py­şyk 1979-njy ýyl­dan bä­ri 60 müň orun­lyk “Sha Tin” aý­la­wyn­da ge­çi­ri­lip gel­ýär.