“Üç Ma­ra­do­na gü­ni”

Dün­ýä fut­bo­ly­nyň iň uly ýyl­dyz­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýän, hat­da köp­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, äh­li za­ma­na­la­ryň iň ök­de oýun­çy­sy ha­sap­lan­ýan Die­go Ma­ra­do­na­nyň klub fut­bo­lyn­da-da, mil­li ýy­gyn­dy­da-da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri diý­seň ýo­ka­ry. Ol çy­kyş eden her to­pa­ryn­da uly yz gal­dyr­ma­gy ba­şar­ýar. “Ar­gen­ti­no Hu­niors”, “Bo­ko Hu­niors”, “Bar­se­lo­na”, “Na­po­li”, “Se­wil­ýa”, “Ne­well Old Boýs” ýa­ly klub­lar­da oý­nan Die­go Ar­man­do Ma­ra­do­na­nyň çy­kyş eden ýe­ne bir to­pa­ry­nyň bar­dy­gy­ny bil­ýän­le­riň sa­ny ju­da az bol­sa ge­rek. Ol hem Is­pa­ni­ýa­nyň “Gra­na­da” to­pa­ry­dyr. Ar­gen­ti­na­ly fut­bol­çy ady ag­za­lan bu klub­da bir gün­lük çy­kyş ed­ýär. Ýö­ne bu çy­kyş bir gün­lük hem bol­sa, ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ryň bi­ri bo­lup gal­ýar.
Fut­bol oý­nan ýyl­la­ryn­da ma­ha­bat kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň he­mi­şe uly is­leg bil­dir­ýän ýyl­dy­zy Ma­ra­do­na ko­fe ön­dür­ýän ýa­pon şe­re­ket­le­ri­niň bi­rin­den tek­lip ge­lip go­wuş­ýar. Ma­ra­do­na bu ma­ha­bat­da do­gan­la­ry — 10 ýaş uly aga­sy Hýu­go Her­nan (El Tur­ko) we 6 ýaş ki­çi ini­si Ra­ul Alf­re­do Franko (La­lo) bi­len bi­le­lik­de çy­kyş ed­ýär. Şol wagt­lar Ra­ul Alf­re­do­ny “Gra­na­da” to­pa­ry öz ha­ta­ry­na goş­ýar. Is­pa­ni­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy­na we­kil­çi­lik ed­ýän “Gra­na­da” Ra­ul Alf­re­do Ma­ra­do­na Fran­ko­nyň trans­fe­ri­ni jan­kö­ýer­le­ri­niň öňün­de uly da­ba­ra bi­len äş­gär et­mek is­le­ýär. Ne­ti­je­de, ýa­pon şe­re­ke­ti­niň ma­ha­bat kam­pa­ni­ýa­sy “Gra­na­da” to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ryn­da tä­ze pi­kir oýan­dyr­ýar. To­pa­ryň ýol­baş­çy­la­ry Ma­ra­do­na­nyň ini­si­niň gol çe­kiş­lik da­ba­ra­sy­ny has şow­hun­ly, ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka öwür­me­gi mak­sat edin­ýär. Des­si­ne ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­den soň, to­par Ra­ul Alf­re­do­nyň ýa-da has ýör­gün­li ady La­lo­nyň gol çe­kiş­lik da­ba­ra­sy­na beý­le­ki 2 Ma­ra­do­na­ny hem ça­gyr­ma­gy ba­şar­ýar. Şol my­na­sy­bet­li ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy ge­çi­ril­ýär we du­şu­şyk­da 3 Ma­ra­do­na hem “Gra­na­da­nyň” köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. Bu ta­ry­hy wa­ka 1987-nji ýy­lyň 15-nji no­ýab­ryn­da bo­lup geç­ýär. Şol gün “Es­ta­dio de Los Kar­me­nes” sta­dio­ny­ny hy­ryn-dy­kyn dol­du­ran jan­kö­ýer­ler ta­ry­hy wa­ka­nyň şa­ýa­dy bol­ýar­lar. Olar “Gra­na­da” bi­len Şwe­si­ýa­nyň “Mal­mö” to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky, as­lyn­da baş­ga wagt­da ju­da ýö­ne­keý­je bo­lan, ýö­ne ýa­şyl meý­dan­ça­da bir­ba­da 3 Ma­ra­do­na­nyň oý­nu­na to­ma­şa et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi üçin ta­ry­hy wa­ka öw­rü­len ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­na syn ed­ýär­ler.
Du­şu­şyk­da Ma­ra­do­na 9-njy bel­gi­dä­ki ma­ha­bat­syz köý­nek­çä­ni geý­ýär. Ol he­mi­şe geý­ýän 10-njy bel­gi­li köý­nek­çä­ni bu ge­zek “Gra­na­da” bi­len şert­na­ma bag­laş­ýan ini­si­ne ber­ýär. “Ra­ýo Wal­le­ka­no­da” çy­kyş ed­ýän kör­pe Ma­ra­do­na, ýag­ny Hýu­go Ma­ra­do­na bol­sa, 8-nji bel­gi­li köý­nek­çä­ni geý­ýär. Du­şu­şyk­da il­kin­ji bo­lup ha­sa­by myh­man­lar aç­ýar. “Mal­mö” to­pa­ry­ny öňe çy­ka­ran pök­gi­ni 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan An­ders Pal­mer der­we­zä gi­riz­ýär. Des­si­ne do­gan­lar Ma­ra­do­na­la­ryň çy­kyş ed­ýän “Gra­na­da” to­pa­ry özü­ni dür­se­ýär. La­lo Ma­ra­do­na­nyň go­ly bi­len oýun­da ha­sap deň­len­ýär. Bu gol­dan soň, “Mal­mö” Ýo­hans­so­nyň go­ly bi­len ýe­ne öňe saý­lan­ýar. Du­şu­şy­gyň 77-nji mi­nu­tyn­da bol­sa, Ma­ra­do­na­la­ryň iň ägir­di, has meş­hu­ry Die­go Ar­man­do Ma­ra­do­na ha­sa­by deň­läp, jan­kö­ýer­le­ri be­gen­dir­ýär. Oý­nuň 86-njy mi­nu­tyn­da-da Ma­no­lo ta­pa­wut­la­nyp, “Gra­na­da” to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­ýär (3–2). Du­şu­şy­gy şol wagt­ky is­pan te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň bi­ri gö­ni ýaý­lym­da gör­kez­ýär. Te­le­ýaý­lym bu du­şu­şyk­dan soň, re­kord de­re­je­de gir­de­ji ga­zan­ýar.
Ka­pi­tan­lyk ban­dy­ny şol wagtlar 27 ýaşly Die­go Ma­ra­do­na be­ren “Gra­na­da” to­pa­ry­nyň ka­pi­ta­ny Ma­nu­el Mo­li­na du­şu­şyk­dan soň: “Du­şu­şyk ýol­daş­lyk oý­ny hem bol­sa, çe­ke­le­şik­li, dart­gyn­ly geç­di. Die­go üçin tol­gun­dy­ry­jy pur­sat­lar bo­lup­dy. Se­bä­bi onuň ini­le­ri bi­len bir du­şu­şyk­da çy­kyş et­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bol­dy. Hem­me­ler Die­go bi­len su­ra­ta düş­mek is­le­ýär­di. Mah­la­sy, bi­ziň üçin ýat­dan çyk­ma­jak du­şu­şyk bol­dy” di­ýip, be­ýa­nat ber­ýär.
Ýew­ro­ku­bok­la­ry­nyň çä­gin­dä­ki du­şu­şyk ýa­ly ge­çen oýun­da jan­kö­ýer­ler üçin 3 Ma­ra­do­na­nyň oý­nu­na meý­dan­ça­da to­ma­şa et­mek ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka bol­ýar. Şol se­bäp­li bu gün “El Dia de los Tres Ma­ra­do­nas”, ýag­ny “Üç Ma­ra­do­na gü­ni” hök­mün­de ta­ry­ha gir­ýär.