Fut­bol jan­kö­ýer­le­ri üçin äh­li ýa­ryş­lar bir­ýa­na, UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy hem bir­ýan­a. UEFA-nyň gu­ra­ma­çy­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän bu ýa­ry­şyň saý­la­ma tap­gyr­la­ry­ny-da ha­sa­ba ala­nyň­da, iýun aýy­nyň ahyr­la­ry­na baş­lap, ma­ýyň aýa­gy­na-da (wag­tal-wag­tal fi­nal du­şu­şyk­la­ry iýu­nyň baş­la­ry­na-da oý­nal­ýar) ta­mam­lan­ýar. Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ di­ňe bir jan­kö­ýer­le­riň däl, eý­sem, fut­bol­çy­lar üçi­nem aý­ra­tyn uly or­na eýe­dir. Bir­nä­çe fut­bol­çy Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň se­na­sy­nyň öz­le­ri­ni tol­gun­dyr­ýan­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da fi­nal tap­gy­ry­na 32 klu­buň gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da soň­ky ýyl­lar­da Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy to­par­la­ry çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ozal­ky­lar ýa­ly bu ku­bo­gy eýe­le­mek is­len­dik klu­ba ba­şar­da­nok. Eý­sem, fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­niň iň köp gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýa­ry­şy bo­lan UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy ha­çan dö­re­di?!

UEFA-nyň bi­rin­ji de­re­je­li ýa­ry­şy ha­sap­lan­ýan bu bäs­le­şik UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy ady­ny al­ýan­ça köp ýyl ge­rek bol­ýar. Fran­si­ýa­nyň “L’Equipe” sport ga­ze­ti­niň re­dak­to­ry, ozal­ky fut­bol­çy Gab­ri­el Ano­nyň tek­li­bi bi­len dö­rän ýa­ry­şa Ýew­ro­pa Ku­bo­gy (Eu­ro­pe­an Cup) ýa-da Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on Klub­la­ry­nyň Ku­bo­gy (Eu­ro­pe­an Cham­pi­on Clubs’ Cup) di­ýil­ýär­di. Ano dö­re­di­le­ni­ne köp wagt geç­me­dik UEFA bi­len 1954-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da du­şu­şyk ge­çi­rip, ýa­ry­şy ge­çir­mek ba­ra­da tek­lip ed­ýär.
Ýa­ry­şyň il­kin­ji­si 1955-1956 möw­sü­min­de gu­ral­ýar. Ýa­ry­şyň ady hem-de ge­çi­ri­liş ter­ti­bi üýt­ge­dil­ýän­çä oňa di­ňe mil­li çem­pio­nat­la­ryň çem­pi­on­la­ry gat­naş­ýar. Bäs­le­şi­giň il­kin­ji­sin­de 16 to­par çy­kyş ed­ýär. 1-nji, çär­ýek we ýa­rym fi­nal tap­gyr­la­ryn­dan yba­rat bo­lan ýa­ry­şyň fi­nal­dan ga­lan äh­li tap­gy­ry 2 oýun esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Utu­lan-çyk­dy esa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň il­kin­ji du­şu­şy­gy 1955-nji ýy­lyň 4-nji sent­ýab­ryn­da oý­nal­ýar. Lis­sa­bon­da­ky ýer­li “Spor­ting” bi­len şol wagt­ky Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň “Par­ti­zan” to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun 3–3 deň­lik­de ta­mam­lan­ýar. Mi­los Mi­lu­to­no­wi­çiň 4 gol ge­çi­ren jo­gap oý­nun­da 5–2 ýe­ňiş ga­za­nan “Par­ti­zan” çär­ýek fi­na­la çyk­ýar. 1-nji tap­gyr­da “Re­al Mad­rid” Şweý­sa­ri­ýa­nyň “Ser­wet­te” to­pa­ry­ny, Awst­ri­ýa­nyň “Ra­pid Wi­en” to­pa­ry Ni­der­land­la­ryň PSW-si­ni, Şot­lan­di­ýa­nyň “Hi­ber­ni­an” to­pa­ry-da Ger­ma­ni­ýa­nyň “Rot-Weiss Es­sen” to­pa­ry­ny ýa­ryş­dan çy­kar­ýar. “Mi­lan” şol wagt­da­ky Sa­ar Pro­tek­to­ra­ty­nyň (wagt­la­ýyn­ça dö­re­di­len zo­lak) “Saarb­ru­ken” to­pa­ryn­dan öz meý­dan­ça­syn­da 4–3 utul­sa-da, myh­man­çy­lyk­da 4–1 ýe­ňip, çär­ýek fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­ýar. “An­der­leht” Weng­ri­ýa­nyň hä­zir­ki MTK, şol wagt­ky ady “Wo­ros Lo­bo­go” klu­bun­dan 6–3 we 4–1 ha­sap­lar bi­len ýe­ňil­ýär. Fran­si­ýa­nyň “Reýms” to­pa­ry Da­ni­ýa­nyň “Or­hus” to­pa­ry­ny (2–0, 2–2), Şwe­si­ýa­nyň “Džur­gar­den” klu­by-da Pol­şa­nyň “Gwar­dia War­şa­wa” to­pa­ry­ny ýeň­me­gi ba­şar­ýar (0–0, 4–1).
Çär­ýek fi­nal­da­ky du­şu­şyk­lar örän çe­ke­le­şik­li ge­çip, “Re­al Mad­rid” öz meý­dan­ça­syn­da “Par­ti­za­ny” Kas­tan­ýo (2), Hen­to we Di Ste­fa­no­nyň gol­la­ry bi­len 4–0 ýeň­ýär. Myh­man­çy­lyk­da 3–0 utu­lan mad­rid­li­ler ýa­rym fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­ýar. We­na­da “Ra­pid” bi­len deň­me-deň (1–1) oý­nan “Mi­lan” Ita­li­ýa­da uly ha­sap bi­len 7–2 ha­sa­byn­da ut­ýar. Du­şu­şyk­da “Mi­la­nyň” şwed ýyl­dy­zy Nor­dahl 2 gol ge­çir­ýär. Öz meý­dan­ça­syn­da 4–2 ýe­ňen “Reýms” to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da “Wo­ros Lo­bo­go” bi­len 4–4 deň­me-deň oý­na­ýar. “Hi­ber­ni­an” 2 oýun­da-da “Džur­gar­de­ni” ýe­ňip, ýa­rym fi­na­la çyk­ýar (3–1, 1–0).
Ýa­rym fi­nal­da “Re­al Mad­rid” öz meý­dan­ça­syn­da “Mi­la­ny” 4–2 ýeň­ýär. Ital­ýan to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­sa-da, fi­na­la çy­kyp bil­me­ýär. Fran­si­ýa­nyň “Reýms” to­pa­ry-da “Hi­ber­nia­ny” 2–0 we 1–0 ha­sap­lar bi­len ýe­ňip, fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­ýar.
Fi­nal du­şu­şy­gy Pa­riž­dä­ki “Park de Prens” sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. 38239 jan­kö­ýe­riň to­ma­şa eden oý­nun­da ang­li­ýa­ly Ar­tur Ed­ward El­lis jür­le­wük çal­ýar. Oýun­da fran­suz to­pa­ry “Reýms” il­kin­ji 10 mi­nut­da Leb­lon we Temp­li­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­ýar. Du­şu­şy­gyň ýa­rym sa­ga­dy do­lan­da, “Re­al” Al­fer­do Di Ste­fa­no we Hek­tor Ria­lyň gol­la­ry bi­len ha­sa­by deň­le­ýär. 62-nji mi­nut­da Hi­dal­go­nyň go­lun­dan soň, fran­suz klu­by ýe­ne bir ýo­la öňe çyk­ýar. Ýö­ne ruh­dan düş­me­dik is­pan to­pa­ry 67-nji mi­nut­da Ma­nu­el Mar­ki­to­syň go­ly bi­len il­ki ha­sa­by deň­le­ýär, 79-njy mi­nut­da-da Ria­lyň go­ly esa­syn­da ýeň­şi­ni baý­ram ed­ýär. Şun­luk­da, 4–3 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan “Re­al Mad­rid” UEFA-nyň tä­ze ýa­ry­şy­nyň il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. Bu ýe­ňiş mad­rid­li­le­riň şu ýa­ryş­da yz­ly-yzy­na ga­zan­jak ku­bok­la­ry­nyň, ýe­ňiş­li ýö­ri­şi­niň, yk­ly­myň iň uly to­pa­ry hök­mün­de yk­rar edil­me­gi­niň baş­lan­gy­jy bol­ýar.

UEFA Çem­pi­on­lar
li­ga­sy­nyň ta­ry­hyn­dan

ÝEWROPA KUBOGY — 1955-1956

Gat­na­şan to­par: 16
Ge­çi­ri­len du­şu­şyk: 29
To­ra sal­nan gol­lar: 127 (or­ta­ça 4,38)
To­ma­şa­çy: 900,021 (or­ta­ça 31,035)
Iň ne­ti­je­li oýun­çy: Mi­loş Mi­lu­ti­no­wiç (“Par­ti­zan”) – 8 gol

BIRINji tap­gy­r
“Spor­ting” (Por­tu­ga­li­ýa)—“Par­ti­zan” (Ýu­gos­la­wi­ýa): 3–3, 2–5; “Wo­ros Lo­bo­go” (Weng­ri­ýa)—“An­der­leht” (Bel­gi­ýa): 6–3, 4–1; “Ser­wet­te” (Şweý­sa­ri­ýa)—“Re­al Mad­rid” (Is­pa­ni­ýa): 0–2, 0–5; “Rot-Weiss Es­sen” (Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa)—“Hi­ber­ni­an” (Şot­lan­di­ýa): 0–4, 1–1; “Džur­gar­den” (Şwe­si­ýa)—“Gwar­di­a War­şa­wa” (Pol­şa): 0–0, 4–1; “AGF Or­hus” (Da­ni­ýa)—“Reýms” (Fran­si­ýa): 0–2, 2–2; “Ra­pid Wi­en” (Awst­ri­ýa)—PSW (Ni­der­land­lar): 6–1, 0–1; “Mi­lan” (Ita­li­ýa)—“Saarb­ru­ken” (Sa­ar Pro­tek­to­ra­ty): 3–4, 4–1.

Çär­ýek fi­nal
“Džur­gar­den”—“Hi­ber­ni­an”: 1–3, 0–1;
“Reýms”—“Wo­ros Lo­bo­go”: 4–2, 4–4;
“Re­al Mad­rid”—“Par­ti­zan”: 4–0, 0–3;
“Ra­pid Wi­en”—“Mi­lan”: 1–1, 2–7.

Ýa­rym fi­nal
“Reýms”—“Hi­ber­ni­an”: 2–0, 1–0,
“Re­al Mad­rid”—“Mi­lan”: 4–2, 1–2.

FI­NAL
“Re­al Mad­rid”—“Reýms”: 4–3
(Di Ste­fa­no 14, Ri­al 30, 79, Mar­ki­tos 67 — Leb­lon 6, Temp­lin 10, Hi­dal­go 62).