“Kos­mos te­les­ko­py “Kep­ler”-iň K2 mis­si­ýa­sy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän hal­ka­ra älem­şy­nas­lar to­pa­ry öz göz­leg­le­ri ne­ti­je­sin­de, 100-den gow­rak tä­ze dün­ýä­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar” di­ýip, yl­my tä­ze­lik­ler por­ta­ly “Phys.org.” ýaz­ýar. Bu bar­lag ba­ra­da­ky jik­me-jik ha­sa­bat bol­sa, “Ast­rop­hy­sical Jo­ur­nal Supp­le­ment” at­ly yl­my žur­nal­da ne­şir edi­lip­dir. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar ek­zop­la­ne­ta de­re­je­si­ne da­laş­gär­lik edip bil­jek 197 kos­mos ji­si­mi­niň bar­dy­gy­ny aýan et­di.

Ola­ryň äh­li­si Gün ul­ga­my­nyň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýär. Bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň ün­sü­ni ga­tap da­şa dö­nen 4 pla­ne­ta­lar ul­ga­my çek­di. Olar Wo­do­leý ýyl­dyz­lar to­pa­ry­nyň ug­run­da, Ýer­den 181 ýag­ty­lyk ýy­lyn­da ýer­leş­ýän gy­zyl kar­lik K2-72-niň tö­we­re­gin­den aý­lan­ýar. Ola­ryň ýyl­dy­zy Gün­den iki es­se ki­çi, ýö­ne äh­li dört ek­zop­la­ne­ta dia­met­ri bo­ýun­ça bi­ziň pla­ne­ta­myz­dan 20-50 gö­te­rim uly. Bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, ola­ryň iki­sin­de-de suw bol­ma­gy müm­kin bo­lup, bu ýag­daý ol ýer­de ýa­şa­ý­şyň bol­mak äh­ti­mal­ly­gy­ny art­dyr­ýar.