Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Gemp­şir graf­ly­gy­nyň 112 ýaş­ly ýa­şaý­jy­sy Bob Weý­ton Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by bo­ýun­ça dün­ýä­niň iň gar­ry er­kek ada­my ha­sap­lan­dy. Mun­dan ozal­ky re­kord­çy Ýa­po­ni­ýa­nyň ýa­şaý­jy­sy bolup, 2020-nji ýy­lyň 23-nji few­ra­lyn­da 112 ýa­şyn­da ara­dan çy­kyp­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Weý­ton gar­ry­lar öýün­de ýa­şa­ýar. Oňa Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň şa­ha­dat­na­ma­sy gar­ry­lar öýü­niň iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan gow­şu­ryl­dy. Şa­ha­dat­na­ma eýe bo­lan Weý­ton bu ba­ra­da şeý­le diý­di: “Men şu ýa­şy­ma ýe­ten­di­gim üçin ga­ty ho­şal we şu wag­ta çen­li köp san­ly dost edin­dim”.
Bob Weý­ton Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Hall şä­he­rin­de dün­ýä in­di. Onuň 3 og­ly, 10 ag­ty­gy we 25 çow­lu­gy bar. Weý­ton ýan­ýol­da­şy Ag­nes bi­len dün­ýä­niň köp ýur­du­na sy­ýa­hat edip­dir. Ol Lon­don şä­he­rin­dä­ki uni­wer­si­tet­le­riň bi­rin­de de­ňiz ma­şyn­gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça mu­gal­lym­çy­lyk kä­ri­nde işläpdir. Şol ýer­den hem 1973-nji ýyl­da 65 ýa­şyn­da dynç al­şa çy­kyp­dyr.

Gülbibi DÖWRANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.