Ame­ri­ka­nyň “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy 2020-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de 88 müň­den gow­rak elekt­rou­la­gyň sa­tu­wy­ny ama­la aşyr­dy. De­giş­li mag­lu­mat­lar, kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­çi­li­gi­niň we üp­jün­çi­li­gi­niň muk­da­ry ba­ra­da çap eden çär­ýek­le­ýin be­ýa­na­tyn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
2020-nji ýylyň il­kin­ji üç aýyn­da kom­pa­ni­ýa öz müş­de­ri­le­ri­ne 88 müň 400 elekt­rou­la­gy­ny ýe­tir­di. Ola­ryň 76 mü­ňü­si kom­pa­ni­ýa­nyň “Mo­del 3” we “Mo­del Y” ky­sym­ly ulag­la­ry, 12 müň­den gow­ra­gy bol­sa “Mo­del S” we “Mo­del X” gör­nüş­le­ri bol­dy.
“Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tu­tuş dün­ýä­dä­ki zaw­od­la­ryn­da de­giş­li has­ab­at döw­rün­de 102 müň 672 elekt­rou­lag ön­dü­ril­di. ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Pa­lo-Al­to şä­he­rin­de ýer­leş­ýän bu kom­pa­ni­ýa­nyň ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­dä­ki iň go­wy ne­ti­je­le­ri ga­za­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 77 müň­den gow­rak ulag ön­dü­ri­lip, onuň 63 mü­ňü­si sa­ty­lyp­dy. “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy 2003-nji ýyl­da işe­wür Ilon Mask ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Il­ki­baş­da di­ňe elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa soň­lu­gy bi­len Gün ba­ta­re­ýa­la­ry we beý­le­ki ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy ul­gam­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne hem gi­riş­di.

Su­raý Şu­ku­ro­wa,
S. A. Ny­ýa­zow adynd­aky TO­HU-nyň ta­ly­by.