Hytaýyň “Huawei Technologies” kompaniýasy Amerikanyň kompaniýalary bilen bäsleşip, öz-özüni dolandyrýan awtoulaglar bilen çynlakaý meşgullanmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem bu ugur boýunça dünýä bazarynda esasy bäsdeşleriň biri bolmagy göz öňünde tutýar.
Tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösýän döwründe bu ulgamyň emele getirýän täzeçil tehnologiýalarynyň we işläp düzmeleriniň dürli ugurlar bilen bir hatarda awtoulag önümçiliginde hem giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy hem öz öňünde täze hyjuwly maksat goýdy. Ol hem 2025-nji ýyla çenli Hytaýyň öz-özüni dolandyrýan ulaglar üçin tehnologiýa ulgamyny üpjün edýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolmakdan ybaratdyr. Bu barada “Nikkei Asian Review” neşiri habar berýär. Neşiriň belläp geçmegine görä, Hytaýyň kompaniýasy ulaglary awtonom dolandyrmak bazaryna bolan gyzyklanmasynyň yzygiderli artýandygyny mälim etdi. Bu ugurda synaglary hem geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin kompaniýa intellektual awtoulag çözgütlerini oýlap tapmak üçin täze düzüm döretdi. Bu ugurda “Audi”, “Toyota Motor” we “Groupe PSA” ýaly öňdebaryjy awtoulag öndüriji kompaniýalar bilen awtoulag bazarynda täzeçil tehnologiýalary işläp düzmek babatda hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
“Huawei” kompaniýasy bu ugurda Amerikanyň “Alphabet Waymo”, “Intel Mobileye”, “Tesla” we “Apple” ýaly şereketlerine bäsdeşlik döredýär. Geçirilen seljermelere görä, dünýäde awtonom sürüjilik ülňülerini we aragatnaşyk tehnologiýasy ulgamynda öňdeligi eýeleýän “Huawei” kompaniýasy geçen ýylyň oktýabr aýyna çenli 66 patent berdi, bu jemi 314 patentiň 21 göterimini emele getirýär.
Nurmyrat JUMAMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.