ABŞ-nyň dün­ýä bel­li “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esa­sy önüm­çi­lik hyz­mat­da­şy “Foxconn Techno­lo­gy Group” şe­re­ke­ti 5G ul­gam­ly “iP­ho­ne” smart­fon­la­ry­nyň güý­ze çen­li taý­ýar edil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy her ýy­lyň güýz pas­lyn­da özü­niň tä­ze elekt­ro­ni­ka en­jam­la­ry­ny we “iP­ho­ne” smart­fon­la­ry­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni köp­çü­li­ge hö­dür­le­ýär.
“Foxconn” ady bi­len ta­nal­ýan “Hon Hai Precision In­dust­ry Co.” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze­den işe gi­ri­şip, güýz pas­ly­na çen­li smart­fon­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni ýe­tiş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa bu ugur­da “App­le” şe­re­ke­ti­niň in­že­ner­le­ri bi­len de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýar.
“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky smart­fo­ny köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da­ky iň mö­hüm­le­rin­den bi­ri bo­lup bi­ler. Kom­pa­ni­ýa üçin 5-nji ne­sil ka­bel­siz tor­lar­dan do­ly peý­da­la­nyp bil­ýän “iP­ho­ne” ön­dür­mek mö­hüm­dir. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy bu ugur­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Sam­sung” we Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan bir ädim yz­da bar­ýar. Olar eý­ýäm ge­çen ýyl 5G ul­gam­ly te­le­fon­la­ry­nyň sa­tu­wy­na baş­la­dy­lar.
Ýeňiş MAMMOWOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.