Dogry iýmitlenmek we türgenleşik siziň huşuňyzy güýçlendirer. Eger-de siz gerekli sözi ýa-da kitabyň adyny ýadyňyza salyp bilmän kösenýän bolsaňyz hem-de ýönekeý zatlary hem unudyp başlan bolsaňyz, onda öz ýadyňyz hakda alada ediň! Ony güýçlendirmek üçin lukmana ýüz tutmagyň ýa-da haýsydyr bir dermany içmegiň zerurlygy bolman, eýsem, uly serişde ýa-da wagt talap etmeýän käbir hereketleri etmek we özüňi ele almak ýeterlikdir.
Artykmaç agramdan gaça duruň!
”Artykmaç agram akyl ýetiriş ukybyňy pese düşürýär” diýip, şwed alymlary belläp geçýärler. Olar eger-de agram ýokary bolsa, ýüregiň götermeýändigini, netijede, beýniniň gerekli iýmiti alyp bilmeýändigini aýdýarlar. Şonuň üçin belli bir ýaşdan soň, demensiýanyň (huşsuzlyk) ähtimallygy artýar. Geçirilen barlaga 45-50 ýaşlaryndaky semiz aýallar gatnaşdylar. Olar 10 kilogram agramdan dynyp, huşlarynyň gowulaşandygyny belläp geçdiler.
Ýoga bilen meşgullanyň!
Islendik fiziki işjeňlik beýniniň işine oňaýly täsir edýär, ýöne bedene agram salmagyň käbir görnüşleri has-da peýdaly. Şeýlelikde, Detroýt uniwersitetiniň alymlaryna hepdede 3 gezek ýoga bilen meşgullanmagyň has-da täsirlidigini subut etmek başartdy. Bu ýagdaý ýoganyň akyly durlaýandygy, rahatlandyrýandygy we aladaly pikirlerden dyndarýandygy bilen düşündirilýär. Bu bolsa, beýni üçin çynlakaý ýardamdyr.
Ýokary hilli önümleri iýiň!
Öz iýmit sanawyňyza ýagly balyk, zeýtun ýagy, ýumurtga, hoz, süýt we bal goşuň. Çünki bu önümleriň ählisiniň düzüminde beýniniň işini kuwwatlandyrýan peýdaly maddalar bar. Şeýle hem köpräk suw içmegi hem unutmaň, çünki beýniniň 90 göterimi suwdan ybarat bolup, suwuklygyň ýetmezçiligi onuň üçin howpludyr.