Gü­nor­ta Da­ni­ýa uni­wer­si­te­tin­de ge­çi­ri­len tä­ze bar­lag­lar­da we­lo­si­ped­de ýy­gy-ýy­gy­dan ge­ze­lenç ed­ýän­ler­de, süý­jü­ke­se­liň 2-nji gör­nü­şi­niň how­py, on­da ge­ze­lenç et­me­ýän­le­re ga­ra­nyň­da, 20 gö­te­rim pes bo­lup çyk­dy. “Alym­lar sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga wag­ty ýok­la­ra we­lo­si­ped­de ge­ze­lenç et­me­gi mas­la­hat ber­ýär” di­ýip, “Zee News” ýaz­ýar.
Hü­när­men­ler we­lo­si­ped­de ge­ze­lenç et­me­giň di­ňe bir ýaş­lar­da däl, eý­sem, or­ta ýaş­ly­lar­da we gar­ry­lar­da hem dür­li ötü­şen ke­sel­le­riň ösüş äh­ti­mal­ly­gy­ny azald­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär­ler. Mun­dan baş­ga­-da, bar­lag ge­çi­ri­ji­ler ada­myň hep­de­de öz wag­ty­ny nä­çe we­lo­si­ped­de ge­çir­mä­ge gö­nük­dir­se, şon­ça hem onuň süý­jü­ke­sel how­py az bol­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar.
Ge­piň ger­di­şi­ne gö­rä, go­laý­da alym­lar süý­jü­ke­sel­den ha­las ed­ýän be­lo­gy tap­dy­lar. Hü­när­men­ler gemrijilerde bar­lag ge­çir­di­ler. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler se­miz­lik bi­len bag­la­ny­şyk­ly gen­le­ri öw­ren­di­ler. Bar­la­gyň do­wa­myn­da alym­lar TST be­lo­gy­nyň gem­ri­ji­le­riň in­su­li­ne çen­de­na­şa duý­gur­ly­gy­ny art­dy­ran­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar.