Köpleriň söýgüli oýny futbolda täsin, ýatdan çykmajak wakalaryň sany az däl. Aýratynam irki ýyllarda wagtal-wagtal şatlandyrýan, käte bolsa, tukatlandyrýan wakalar, dürli-dürli hadysalar bolup geçipdir. Ine, şolaryň biri-de “Meýdançada ýatdan çykarylan derwezeçi” wakasydyr. Wakanyň baş gahrymany 1914-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda dünýä inen iňlis derwezeçisi Samuel Bartram bolup, ol 1934–1956-njy ýyllar aralygynda 22 ýyllap “Çarlton Atletik” toparynyň derwezesini goraýar. Bu hadysa 1930-njy ýyllaryň ahyrlarynda, käbir çeşmelerde görkezilişi ýaly, 1937-nji ýylyň dekabr aýynda bolup geçýär. Federasiýanyň Kubogy (FA Kubogy) ýaryşynda “Çelsi” öz meýdançasynda “Çarlton Atletik” toparyny kabul edýär. Gyş aýlarynda oýnalan bu London derbisi çekeleşikli ýagdaýda dowam edýär. Garşylyklaýyn hüjümler bilen dowam edýän oýun birdenem togtadylýar. Garaşylmadyk ýagdaýda peýda bolan ümür oýunçylaryň topy görmeg-ä däl, eýsem, bir metr golaýyndaky topardaşlaryny görmegine kynçylyk döredip başlaýar. Şonda-da az-owlak dowam eden duşuşyga emin 61-nji minutda mejbury ýagdaýda arakesme bermeli bolýar, has takygy, duşuşygy ýatyrýar. Iki toparyň futbolçylary dessine egin-eşik çalşylýan otaga sary ýöremek bilen bolýarlar. Eşik çalşylýan otaglara baran “Çarlton Atletik” toparynyň futbolçylary, birhaýukdan soň, biriniň kemdigini aňýarlar. Onuň Semdigi (topardaşlary oňa gysgaça Sem diýýärler), ýagny derwezeçileri Samueliň otagda däldigi anyklanýar. Futbolçylar dessine beýleki eşik çalşyrylýan otaglara, koridorlara aýlanyp, derwezeçilerini gözläp başlaýarlar… Ýöne ýer ýaryp gözleselerem, Semden habar bolmaýar. Ahyry stadionyň içinde işleýän polisiýadan ýardam soralýar. Polisiýa işgäri bolsa, ümürli meýdançany görmäge gidýär. Polisiýa işgäri ümürli meýdançada ýuwaş-ýuwaşdan töweregine garanjaklap, “Çarltonyň” toparynyň derwezesine sary gaýdýar. Ol bir görse, daýaw pyýada Sem derwezede aňalyp dur. Polisiýany görüp, haýran galan Sem bu wakany öz awtobiografiýa kitabynda şeýle beýan edýär:
– Men şol pursatda, topardaşlarym garşydaş toparyň derwezesiniň alkymynda hüjüm üstüne hüjüm edýändirler öýtdüm. Biziňkiler ýerli gojalary gowy derledýärler-how diýip, öz ýanymdan pikir edýärdim. Ýöne gol geçirip bilemzokdyk. Sebäbi gol geçirsek, biziňkiler hökman yza-da gaýdardy. Wagtyň geçmegi bilen kem-kemden öňe süýşüp başladym. Menem arkaýynrak bolup, wagtal-wagtal meýdançanyň merkezine-de baryp gaýtdym. Ýöne biziňkiler gara berenokdy. Birden hem ümrüň arasyndan bir sudur peýda boldy. Görsem polisiýa işgäri maňa tarap ädimläp gelýär. Ol: “Agam, näme edýäň bärde?” diýip ýüzlendi. Ol 15 minut çemesi öň oýnuň durzulandygyny aýtdy. Şondan soň men eşik çalşyrylýan otaga barsam, ähli topardaşlarym adaty egin-eşiklerini geýipdirler, çykjak bolup duran ekenler. Olar meni görüp, gyrlym berdiler, hezil edip gülüşdiler.
Duşuşygyň tamamlananyndan bihabar meýdançada 15-20 minut çemesi wagt ýalňyz galan Samuel Bartramyň başyndan geçiren wakasy onuň meşhurlygyny artdyrýar. Aýratynam “Çarlton Atletik” toparynyň janköýerleri meşhur derwezeçä uly hormat goýýarlar. Şol hormat-sylagyň nyşany hökmünde-de Bartramyň heýkeli toparyň “The Valley” stadionynyň öňünde oturdylýar.
1956-njy ýylda futboly taşlan Bartram 1956–1960-njy ýyllarda “Ýork Siti”, ondan soňam 2 ýyl “Luton Taun” toparyna tälim berýär. 1981-nji ýylyň 17-nji iýulynda 67 ýaşynyň içinde aradan çykan Bartram “meýdançada ýatdan çykarylan derwezeçi” hökmünde taryha girýär.