GE­ÇI­RIL­JEK WAG­TY MÄ­LIM EDIL­DI

455281.jpgGel­jek ýy­la süý­şü­ri­len To­kio – 2020 to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek gün­le­ri mä­lim edil­di. Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry 2021-nji ýy­lyň 23-nji iýu­ny – 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­ler. To­kio – 2020 Olim­pi­ýa oýun­la­ry ta­ryh­da pa­ra­hat­çy­lyk ýag­da­ýyn­da wag­ty süý­şü­ri­len il­kin­ji Olim­pia­da hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Mun­dan ozal, Olim­pi­ýa oýun­la­rynyň 3-si 1–2-nji Ja­han uruş­la­ry se­bäp­li il­ki so­ňa goý­lup, ahy­ryn­da-da ge­çi­ril­män­di.

60 ÝYL­DAN SOŇ DO­LAN­ÝAR

455323.jpgIň­lis­le­riň meş­hur aw­tou­lag ön­dü­ri­ji şe­re­ke­ti “As­ton Mar­tin” For­mu­la 1 ýa­ryş­la­ry­na do­lan­ýar. Lýuks aw­tou­lag ön­dü­ri­ji şe­re­ket 2021-nji ýyl­dan baş­lap, F1-iň dü­zü­mi­ne go­şu­lar. Ol hä­zir­ki “Reý­sing Point” to­pa­ry­ny sa­ty­n a­lyp, onuň or­nu­na ýa­ry­şa gat­na­şar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, “Reý­sing Point” to­pa­ry ady­ny “As­ton Mar­tin” di­ýip üýt­ge­der. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “As­ton Mar­tin” aw­tou­lag şe­re­ke­ti mun­dan 60 ýyl ozal F1-de bäs­le­şip­di. To­par 1959-njy we 1960-njy ýyl­lar­da For­mu­la 1 ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp­dy.