ABŞ-nyň Brigam zenan keselhanasynyň alymlary her gün­de hoz iý­me­giň so­wuk­la­ma­nyň de­re­je­si­ni pe­selt­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. “Zee News”-uň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, adam nä­çe köp hoz iý­se, şon­ça hem so­wuk­la­ma bio­mar­ker­le­ri pes bol­ýar. Hep­de­de bäş go­şa­wuç hoz iý­mek so­wuk­la­ma­ny aýyr­mak­da ýe­ter­lik rol oý­na­ýar. Mun­dan ozal, alym­lar ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň we ikin­ji gör­nüş­li süý­jü­ke­se­liň pe­sel­me­gin­de ho­zuň ýar­da­my ba­ra­da ha­bar be­rip­di­ler. Şeý­le­lik­de, hoz ha­ky­kat­dan hem ul­gam­la­ýyn so­wuk­la­ma­nyň de­re­je­si­ni pe­selt­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Şo­nuň ýa­ly hem, alym­la­ryň yg­ty­ýa­ryn­da hoz­lar iş­jeň ula­ny­lan ha­la­tyn­da, kö­ne ke­sel­le­riň how­pu­nyň hem azal­ýan­ly­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar.
Mun­dan ozal, Taft­sa uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­men­le­ri lo­sos ýa-da fo­rel ýa­ly ýag­ly ba­lyk­la­ryň, şeý­le hem, grek ho­zu­nyň we zy­gyr ýa­gy­nyň ýü­rek ke­sel­le­rin­den ha­las ed­ýän­di­gi­ni ha­bar be­rip­di­ler. Bu önüm­ler be­den­dä­ki ome­ga-3 ýag­ly kis­lo­ta­la­ry­nyň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Hü­när­men­ler dü­zü­min­de ome­ga 3 bo­lan önüm­le­riň ula­nyl­ma­gy­nyň ýü­rek ke­sel­le­rin­den ara­dan çyk­mak how­pu­ny, çen bi­len, 10 gö­te­rim azald­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar.