“Mä­lim bol­şu­na gö­rä, te­bi­gat­da wag­ty­ňy ge­çir­mek fi­zi­ki we psi­hi­ki sag­ly­gy ber­kid­ýär. My­sal üçin, gök agaç­la­ra bü­re­nip otu­ran ýer­de ýa­şa­ýan adam­lar uzak ýa­şa­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, te­bi­gat, psi­hi­ki nä­saz­lyk­lar­dan go­ra­ýar. Ýö­ne bu hem­me­si däl” di­ýip, “Science World Re­port” ha­bar ber­ýär.
Tä­ze ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, te­bi­gat adam­la­ra öz be­de­ni­ni söý­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Wag­ty­ny köp­lenç te­bi­gat­da ge­çir­ýän meý­le­tin­çi­ler öz be­den gur­luş­la­ry­ny ha­lap­dyr­lar. Şeý­le adam­lar­da özü­ne ba­ha ber­mek duý­gu­sy ýo­kar­la­nyp, te­bi­gat bi­len bir­li­gi du­ýup­dyr­lar. Şo­ňa gö­rä, ola­ryň be­de­ni oňat keş­be eýe bo­lup­dyr.
Şeý­le hem hü­när­men­ler te­bi­ga­tyň baş­ga­lar bi­len öza­ra hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge we ýyg­jam so­si­al ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­ma­ga ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. “Adam­lar te­bi­gat­da öz­le­ri­niň ägirt uly ekoul­ga­myň bir bö­le­ji­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­na dog­ry dü­şün­ýär­ler” di­ýip, bar­lag ge­çi­ri­ji­ler çak ed­ýär­ler. Şo­nuň üçin be­de­niň gur­lu­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le ola­ry bi­yn­ja­lyk et­me­si­ni bes ed­ýär.