Sag­dyn­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň ýur­dy hök­mün­de tu­tuş dün­ýä­de yk­rar edi­len ata Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da sag­dyn dur­muş döw­le­ti­mi­ziň baş ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da hal­ky­my­za gö­rel­de bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni giň­den bel­le­nil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýer ýü­zün­de 7-nji ap­rel­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu baý­ram­çy­ly­k öz göz­ba­şy­ny 1950-nji ýyl­dan alyp gaýd­ýar. Bu şan­ly se­ne 1948-nji ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ter­tip­na­ma­sy­nyň güý­je gir­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Dün­ýä­de sag­lyk ul­ga­myn­da dür­li çä­re­le­ri alyp bar­ýan Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­na dün­ýä­niň 194 döw­le­ti ag­za­ bo­lup dur­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da bi­ziň ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan hem bar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň işi­ni dün­ýä­dä­ki öň­de­ba­ry­jy sep­git­le­ri na­za­ra al­mak bi­len öz­gert­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, hu­su­san-da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ar­ka­ly pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça anyk iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­myz Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip, köp san­ly iri fo­rum­la­ry gu­rap, şol fo­rum­lar ar­ka­ly ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­nan uly üs­tün­lik­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne yzy­gi­der­li ýe­ti­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň köp­çü­lik­le­ýin hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny ga­zan­mak ýurt Baş­tu­ta­ny­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Ýur­du­myz­da adam sag­ly­gy­na, be­den­ter­bi­ýä we spor­ta uly üns be­ril­ýär. Eda­ra­lar­da, kär­ha­na­lar­da we gu­ra­ma­lar­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we sport çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. 7-nji ap­rel­de bel­le­ni­lip ge­çi­len Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni hem mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li köp san­ly sport çä­re­le­ri gu­ral­dy, ola­ryň ha­ta­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan däp bo­lan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler has äh­mi­ýet­li­dir. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da bu çä­rä we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň 3 müň 500-si gat­naş­dy, tu­tuş ýurt bo­ýun­ça bol­sa wa­tan­daş­la­ry­my­zyň je­mi 7 mü­ňü­si we­lo­si­pe­de at­la­nyp, öz­le­ri­niň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny ýe­ne bir ge­zek gör­kez­di­ler. Se­ýil­gäh­ler­de, döw­re­bap şa­ýol­lar­da we sport mek­dep­le­rin­de, kö­pu­gur­ly sport top­lum­la­ryn­da we me­de­ni­ýet öý­le­rin­de, ki­tap­ha­na­la­ryň, teatr­la­ryň, mu­zeý­le­riň we kär­ha­na­la­ryň öňün­dä­ki meý­dan­ça­lar­da müň­ler­çe adam­lar ir­ki maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­r­di. Bu öz­bo­luş­ly sport çä­re­si bi­ziň bi­lim eda­ra­myz­da hem ge­çi­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, sport, mu­nuň özi di­ňe bir bäs­le­şik, üs­tün­lik we me­dal­lar däl-de, eý­sem, äh­li güýç­le­ri bir­leş­dir­ýän kuw­wat­ly dur­muş ul­ga­my­dyr. Ol me­de­ni­ýet, yk­dy­sa­dy­ýet we dip­lo­ma­ti­ýa bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­mat­ly Prezidentimiz spor­ta aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär hem-de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­ne giň ýol aç­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sport, hal­ky­my­zyň sag­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­niň on­lar­ça döw­let­le­ri­niň tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar ýur­du­my­zyň mö­hüm hal­ka­ra sport mer­ke­zi hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ni has-da pug­ta­lan­dyr­dy. Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­myz­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry, “Amul-Ha­zar 2018” at­ly hal­ka­ra aw­to­ral­li­si, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ýa­ly en­çe­me iri sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­di. Mil­li Liderimiziň nyg­tap ge­çi­şi ýa­ly, bu iri sport ýa­ryş­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk, dö­re­di­ji­lik, ösüş ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ägirt uly sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny bü­tin dün­ýä su­but et­di.
Umu­man, ýur­du­myz­da hal­kyň sag­dyn we berk be­den­li bol­ma­gy ugrun­da edil­ýän äh­li ta­gal­la­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Döw­let adam üçin­dir!” diýen baş şy­ga­ry­nyň has-da da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si ada­my be­ze­ýär, çün­ki sag­lyk mil­le­tiň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly­gy­dyr” di­ýen söz­le­ri bol­sa, bi­ziň ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň äh­li zat­dan ýo­ka­ry tu­tul­ýan gym­mat­lyk­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Il-hal­ky­nyň eş­ret­li ýa­şaý­şy, dün­ýä halk­la­ry­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da ägirt uly ta­gal­la­lar ed­ýän hor­mat­ly Prezidentimiziň ja­ny sag, asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry mun­dan beý­läk-de he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­lyn­da ata Wa­ta­ny­myz mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze ösüş­le­re we be­lent sep­git­le­re eýe bol­sun!

Lä­le Ta­ýy­ro­wa, Aý­je­mal Ýa­zo­wa,
Aman Ke­ki­low adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň mu­gal­lym­la­ry.