ABŞ-nyň we Hytaýyň neýrofiziologlarynyň bellemegine görä, alma gabygyndan bölünip çykýan kislotanyň we malol neýronlaryň zeperlenen membranasynyň bejeriş ýagdaýyny çaltlaşdyrýandygy anyklandy. Bu skleroz bilen göreşmek üçin ulanylyp bilner diýip, alymlar belläp geçýärler. Bu barada “Proceedings of the National Academy of Sciences” ylmy žurnalynda bellenilip geçilýär.
Häzirki wagtda alymlar bu keseliň ösüş aýratynlyklaryny öwrenmek bilen baglanyşykly degişli işleri geçirýärler. Şeýlelik bilen, Tomas Jefferson (ABŞ) uniwersitetiniň molekulýar biology Abdolmohamad Rostami we alymlar topary birnäçe ýyldan bäri gemrijileriň üstünde bu keseliň ösüş aýratynlyklary babatda synag işlerini geçirip gelýärler.
Şonuň netijesinde malolyň bu kesele garşy göreşmekde peýdalydygy anyklandy. Onuň hem almanyň gabygynda bardygy mälim edildi.
Wepa AMANSÄHEDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.