Dünýäde hozuň dürli görnüşleri bar. Olaryň adam bedenine peýdasy hem mälimdir. Şu ýerde hozuň käbir görnüşleriniň peýdalaryna ünsüňizi çekmek isleýäris.
Arahis: foliý kislotasyny öz içine alýar. Antioksidantlaryň ammary, üstesine-de, gowrulanda olaryň mukdary köpelýär. Erbet holesterini peseldýär.
Pisse (tokaý hozy): ýüregiň we gan damarlarynyň işleýşine oňyn täsir edýän kaliý we kalsiý ýaly maddalara baýdyr. Immun ulgamyny güýçlendirýär.
Pisse hozy (fistaşka): Stresden we depressiýadan gutulmak üçin peýdalydyr. Bagry kadalaşdyrýar.
Badam: saçy, dişleri güýçlendirýän we deriniň ýagdaýyny gowulandyrýan E witaminine we kalsiý maddasyna baýdyr. Metabolizmany güýçlendirýär.
Grek hozy: C witaminine baýdyr. Beýniniň we gan damarlarynyň işleýşini gowulandyrýar, nerw bozulmalaryna kömek edýär. Galkan görnüşli mäz bilen baglanyşykly keseller üçin peýdalydyr.
Bahargül GYLYÇTAGANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.