Hü­när­men­ler, adam be­de­ni­ni aras­sa­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän önüm­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dylar. Bu ba­ra­da “RBC-Uk­rai­na” in­ter­net ne­şi­rin­de be­ýan edil­ýär.
Al­ma: bu mi­we­le­riň dü­zü­min­dä­ki peý­da­ly mad­da­la­r köp san­ly mik­ro be­den­jik­le­ri aras­sa­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, al­manyň dü­zü­min­dä­ki wi­ta­min­ler wi­rusly ke­sel­le­ri­ ýe­ňip geç­mä­ge kö­mek edýär.
Şu­gun­dyr: bu gök önüm bag­ry aras­sa­la­ma­ga kö­mek edýär, şo­nuň üçin luk­man­lar ony is­len­dik gör­nüş­de ulan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Şugundyry gaý­na­dy­lan, bi­şi­ri­len, dür­li ta­gam­la­ra we iş­däa­çar­la­ra go­şu­lan gör­nüş­de iý­me­giň peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy aý­dyl­ýar.
Ke­lem: so­wuk­la­ma­ gar­şy örän peý­da­ly­dyr. Aş­ga­zan ýa­ra­sy bo­lan nä­sag­la­ryň na­har sa­na­wy­na go­şul­ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki süýt kis­lo­ta­sy içe­gä­niň sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge kö­mek ed­ýär.
Sa­rym­sak: ga­nyň ýag­da­ýy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär, aras­sa­la­ýar we hat­da ni­ko­ti­niň ga­lyn­dy­la­ry­ny be­den­den aýyr­ýar.
Li­mon: be­de­ni aras­sa­la­mak üçin ýy­ly su­wa li­mon su­wu­ny goş­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Bu ba­g­ry we ýü­re­gi go­wu­lan­dyr­mak üçin aja­ýyp iý­mit­dir. Li­mon böw­rekde daş­ döremeginiň öňü­ni al­ma­ga hem kö­mek ed­ýär.

Taýmuhammet TAŞLIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.