Germaniýanyň alymlary her gün irden adaty suw içmegiň näme üçin peýdalydygyny düşündirdiler. Bu barada “Rossiýskaýa gazeta” neşiri habar berýär. Otag temperaturasyndaky bir bulgur suw bedendäki hapalary çykarýar, organizmiň madda çalşygyny 24%-e çenli çaltlaşdyrýar. Hünärmenleriň pikiriçe, deriniň ýagdaýy derrew gowulaşýar.
Alymlaryň hasabatynda şeýle diýilýär: “0,5 litr suw gan aýlanyşyny ep-esli derejede güýçlendirýär we derini has ýagtylandyrýar. Suwuklygyň ýetmezçiligi ýygyrtlaryň döremegine sebäp bolýar. Üstesine-de, suw limfa ulgamynda deňagramlylygy saklaýar. Böwrek daşlarynyň döremegini azaldýar”.
Alymlar her gün 2-2,5 litr arassa agyz suwuny içmegiň möhümdigini, ýöne agyz suwunyň himiki düzüminiň hem göz öňünde tutulmalydygyny belläp geçýärler. Her sebitdäki suwuň düzümi hem özboluşly bolýar. Sebäbi diňe bir “H2O” birleşmesi bolman, köp mukdarda mineral maddalary öz içine alýar: kalsiý, kaliý, magniý, hlor, ftor, ýod we beýlekiler.
Gaýgysyz MUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.