Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamy düýpgöter täze sepgitlere eýe bolýar. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Hormatly Prezidentimiziň “Siz dünýädäki ylmy täzeliklerden, ösen tehnologiýalardan habarly bolmalysyňyz” diýen parasatly sözünden ugur alnyp, ýurdumyzyň häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Täze tehnologiýalar ýurduň aragatnaşygynyň ähli pudaklarynda giňişleýin ornaşdyrylýar. Uzak aralykdan bilim almaga täze mümkinçilikleriň açylmagy, talybyň okuw maglumatlaryny okuw kitaplary görnüşinde däl-de elektron görnüşinde alyp bilmegi uly mümkinçiliklere ýol açýar. Bu ugurlarda elektron maglumat gorlary döredilýär. Döredilen maglumat gorlary zerur bolan okuw maglumatlary, kitaplar, gollanmalar, wideoýazgylar bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçilýär. Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar örän çaltlyk bilen kabul edilýär.
Häzirki döwürde mekdeplerde otyrdylan multimedia serişdeleri dürli görnüşdäki maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Talyplaryň temalary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimedia serişdeleriniň hyzmaty uludyr. Okuw mekdeplerinde her bir tema boýunça sanly maglumatlary, tablisalary, tekstleri, işjeň oýunlary özünde jemleýän okuw gollanmalary ulanylýar. Taýýarlanan slaýdlarda şekilleriň san maglumatlarynyň berilmegi biz –
talyplarda okuwa gyzyklanma döredýär.
Mähri Durdyýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.