Ýakynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda tanymal gyrgyz ýazyjysy
Çingiz Aýtmatowyň adybir powesti esasynda goýlan “Ak gämi” sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.
Ýurdumyzyň teatr muşdaklary, halk köpçüligi we ýaşlar täze spektaklyň ilkinji tomaşaçylary boldular.
Täze spektaklyň režissýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew. Oýnuň sahna bezeglerini Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Bekmyradow we Mekan Annamyradow ýerine ýetiripdir. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Akmyrat Arçikow Mömin aganyň, Gerek Hojamämmedowa kempiriň, Gülşat Meňliýewa Bekeýiň, artist Döwran Hojageldiýew Orazkulyň, ýaşajyk artist Salyh Berdiýew Nurgazynyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Sahnada asyrlardan aşyp gelýän milli däp-dessurlar, çuňňur pelsepe, durmuşyň kadasy, meşhur eseriň parçalarynyň labyzly okalmagy biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Çaga düşünjesiniň ajy hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolmagy, haýyr bilen şeriň gapma-garşylygy, durmuşyň käwagt arzuw-isleglerden rüstem gelip, belentlige göterilişi sahnada bütin düýrmegi bilen öz beýanyny tapýar. “Ak gämidäki” tolgundyryjy, durmuşy bolşy ýaly suratlandyrýan dartgynly wakalar adamyň içki dünýäsine aralaşyp, kalbyň iň bir inçe kakuwlaryny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. Ýaşaýyş bilen bakyýetiň, söýgi we ýigrenjiň, ruhy we dünýewi durmuşyň arasyndaky gapma-garşylyklar täze goýlan sahna oýnunyň jogap bermäge ýykgyn edýän esasy meseleleridir.
Spektakla tomaşa edip otyrkaň, gyrgyz oglanjygyň kyssasynyň kitapdan çykyp, sahnada peýda bolan ýaly täsin duýgulary başdan geçirýärsiň. “Ak gämi” spektaklynyň käbir parçalarynda üzärligiň burugsaýan ak tüssesiniň sahnada göterilip, hakyky oba durmuşyny hakydaňa getirmegi bolsa, sahna oýnunyň iň bir täsirli pursatlarynyň biri boldy. Dogrusy, bu sahna oýnunda baş gahryman eseriň özi diýseň hem boljak. Çünki onda diňe bir oglanjygyň ykbaly barada däl, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetiniň ykbaly barada söz açylýar.
Sahnadaky wakalar Yssykkölüň boýundaky obalaryň birinde bolup geçýär. Orazkul perzendiniň ýoklugy sebäpli, durmuşyndan nadyl bolup, aýaly Bekeýe azar ýamanyny berýär. Teatr aktýorlaryna dogruçyl Mömin aga bilen açgöz, betgylyk Orazkulyň arasyndaky ýiti gapma-garşylygy dartgynly ýagdaýda janlandyrmak başardypdyr. Mömin aga ene-atasynyň mährini görmedik agtygy Nurgazynyň, hiç hili perzendi bolmadyk gyzy Bekeýiň aladasy bilen ýaşaýar. Öz hyýaly dünýäsinde ýaşaýan Nurgazy ak gämidäki deňizçi kakasynyň ýanyna ýüzüp baryp, onuň bilen didarlaşmagy arzuw edýär. Oýnuň ahyrynda garaşylmadyk ýagdaý bolup, Nurgazy maksadyna ýetmek üçin özüni köle taşlaýar. Sahnadaky şeýle dartgynly pursatlar öz gezeginde maksada okgunlylyga, aýgytlylyga hem-de hyjuwlylyga çagyryş bolup ýaňlanýar.
Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi” powesti ählumumy adamzat gymmatlyklaryny beýan edýän çuňňur terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan eserdir. Eser özüniň ýönekeýligi, şeýle hem durmuşda bolup geçýän wakalaryň hakyky beýan edilenligi üçin halkara ykraryýetini gazandy. Bu eser esasynda goýlan sahna oýnuny tomaşaçylaryň mähirli garşylamagy aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr. Mundan ozal, Handurdy Berdiýewiň Çingiz Aýtmatowyň “Elwan ýaglykly serwim” atly eseri esasynda adybir spektakly sahnalaşdyrmagy hem aýratyn bellärliklidir.
Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi” powesti ilkinji gezek 1970-nji ýylda neşir edildi. “Ak gämi” filmi bolsa, 1975-nji ýylda surata düşürilip, birnäçe baýraklara mynasyp boldy.
2018-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň (1928-2008) 90 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçildi. Ol dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren eserleri bilen umumy türki gymmatlyklaryny bütin dünýä tanatmagy başaran ýazyjydyr. Çingiz Törekulowiç Aýtmatow özüniň “Jemile”, “Ak gämi”, “Ilkinji mugallym”, “Hoş gal, Gülsary!”, “Ir uçan durnalar”, “Asyra barabar gün” we beýleki köp sanly eserleri bilen bütin dünýäde adygan awtorlaryň biridir. Ýazyjy öz eserlerinde rowaýatlara, halk döredijiligine has köp ýykgyn edip, ony gadymy galyplardan çykaryp, döwrebap görnüşde gaýtadan dikeltdi. Ýazyjynyň kitaplary dünýäniň 176 diline terjime edildi.
Çingiz Aýtmatowyň eserleri dogruçyllygy, gahrymanlarynyň sadalygy, wakalaryň durmuşylygy, käte ýowuzlygy, olarda durmuş hakykatynyň dabaralanýandygy, diliniň biçak çeperdigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Hut şoňa görä-de, meşhur ýazyjynyň ençeme eserleriniň wakalary boýunça kinofilmler, sahna eserleri döredilip, talapkär tomaşaçylara hödürlendi. Ýazyjynyň “Jemile”, “Ak gämi”, “Ene toprak”, “Deňiz kenarynda ylgaşlaýan ala köpek”, “Hoş gal, Gülsary!”, “Elwan ýaglykly serwim” ýaly eserleri türkmen diline hem terjime edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.