Germaniýanyň BMW kompaniýasy 625 at güýji bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan we “X8” diýlip atlandyrylýan uly göwrümli ultra-kaşaň awtoulagyny çykarar. “Bimmer Post” onlaýn neşiriniň habar bermegine görä, “BMW X8 M” üçin Germaniýada patent ýüz tutmasy amala aşyryldy. Täze ulagyň şeýle görnüşli ulaglaryň iň gymmady boljakdygy çaklanylýar.
Deslapky maglumatlara görä, “BMW X8 M” ulagy 2020-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2021-nji ýylyň başynda köpçülige hödürlener. Bu awtoulagda yzky uzyn diwanyň ýerine 2 sany aýry-aýry oturgyçlar oturdylar. Awtoulag iki turbinaly 4,4 litrlik V8 benzinli hereketlendiriji bilen üpjün ediler.
Guwanç BAKYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.