Awtoulag pudagynda gymmat bahaly awtoulaglaryň tapawudynyň ýokarydygy gizlin däl. “Ferrari” kompaniýasynyň diňe 1 ulagdan gazanýan girdejisi “Ford” we “Nissan” ýaly kompaniýalaryň 1000-e golaý ulagyndan gazanýan girdejisinden köpdür.
“Car Industry Analysis” sahypasynda 2019-njy ýylda awtoulag brendleriniň girdejiligi barada gyzykly seljerme maglumaty ýerleşdirildi. Şoňa görä, Italiýanyň “Ferrari” markasy bir awtoulagda bu pudakda iň köp girdeji gazanýan eken. Şeýle möçberde girdeji gazanmak üçin BMW kompaniýasy ortaça 30 awtoulag, “Toyota” 44 awtoulag, “Volkswagen” 56 awtoulag (görnüşlere görä tapawut üýtgeýär), “Peugeot-Citroen” 65 awtoulag satmaly bolýar. “Ferrari”-niň satuwyndan köp gazanmak üçin hatda “Mercedes-Benz”-iň hem premium görnüşinden 67 awtoulagyň satuwyny amala aşyrmagy gerek bolýan eken.
Jeren HOJAMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.