1927-nji ýy­lyň 14-nji ap­re­lin­de Şwe­si­ýa­nyň Gýo­te­borg şä­he­rin­de il­kin­ji “Volvo ÖV4” ky­sym­ly ýe­ňil aw­tou­lag önüm­çi­li­gi ama­la aşy­ryl­dy. Bu se­ne 1915-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan şwed kom­pa­ni­ýa­sy­nyň işi­niň baş­lan­gyç no­ka­dy ha­sap­lan­ýar. “Volvo” as­lyn­da 1915-nji ýyl­da As­sar Gab­riels­son we Gus­taf Lar­son ta­ra­pyn­dan SKF şe­re­ke­ti­niň gol­çur kär­ha­na­sy hök­mün­de esas­lan­dy­ryl­dy.
Şon­dan soň­ra kom­pa­ni­ýa­nyň aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­niň ge­ri­mi gi­ňäp ug­ra­dy. Ýe­ňil aw­to­ulag­lar bi­len bir ha­tar­da ýük ulag­lar, aw­to­bus­lar we gur­lu­şyk teh­ni­ka­la­ry ön­dü­ril­di. 1927-1929-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da 996 aw­tou­lag ön­dü­ril­ip, ola­ryň 694-si ýa­pyk gör­nü­şli bol­dy. Bu kom­pa­ni­ýa Ýew­ro­pa­da ýük ulag­la­ry bi­len ta­nal­dy. Ýük ulag­la­ry­nyň Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na eks­por­ty ama­la aşy­ryl­dy. Ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len “Volvo” ky­sym­ly ulag­la­ryň dür­li döw­re­bap we ka­şaň gör­nüş­le­ri çy­ka­ryl­dy. 1998-nji ýyl­da ön­dü­ri­len “Volvo S80” ula­gy Ita­li­ýa­nyň “Au­to­mo­bi­lia” žur­na­ly ta­ra­pyn­dan “Dün­ýä­niň iň owa­dan ula­gy” di­ýen baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.
1999-njy ýyl­da bu kom­pa­ni­ýa özü­niň aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ni “Ford Mo­tor Com­pa­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­na sat­dy. 2006-njy ýyl­da “Volvo” Hy­taý­da ýyg­na­lyp baş­lan­dy. 2008-nji ýyl­da­ky ma­li­ýe kyn­çy­lyk­la­ry se­bäp­li, 2010-njy ýyl­da “Volvo” kom­pa­ni­ýa­sy Hy­ta­ýyň “Gee­ly Au­to­mo­bi­le” şe­re­ke­ti­niň eýe­çi­li­gi­ne geç­di. Şeý­le­lik­de, aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de Ýew­ro­pa-hy­taý hyz­mat­daş­ly­gy baş­la­dy. Hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy “Volvo Cars”-yň esa­sy ma­ýa­da­ry bol­dy. Şo­nuň ha­sa­by­na hem tä­ze ulag­lar ön­dü­ril­di.

Şöhrat ÖWEZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.