Dün­ýä­niň iň köp ulag sat­ýan aw­to­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Toyo­ta” “Har­ri­er” at­ly kros­so­wer ula­gy­nyň tä­ze görnüşini ta­nyş­dyr­dy. Ýy­lyň ahy­ryn­da öz ata wa­ta­nyn­da sa­tu­wa hö­dür­len­jek ula­gyň gib­rid gör­nüş­le­ri hem bo­lar. Tä­ze ulag ýa­pon bren­diniň TNGA (GA-K) plat­for­ma­sy­nyň esa­syn­da gur­lup­dyr. Ýag­ny ula­gyň şas­si­si “RAV4” ulag­la­ry­na meň­zeş. Tä­ze “Har­ri­er” hä­zir­ki­den sä­hel­çe ulal­dy­lyp­dyr – ini 20 mm, uzyn­ly­gy 30 mm. Be­ýik­li­gi bol­sa, ae­ro­di­na­mi­ka­sy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak üçin 30 mm pe­sel­di­lip­dir. Kom­pa­ni­ýa ula­gyň ýe­re has mä­käm ýa­pyş­ýan­dy­gy­ny, şeý­le bo­lan­soň ra­hat we kuw­wat­ly sü­rü­şi üp­jün ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Ulag­da kuw­wa­ty 171 at güý­jü­ne, göw­rü­mi 2 litr bo­lan dört si­lin­dir­li ben­zin­li he­re­ket­len­di­ri­ji otur­dy­lyp­dyr. He­re­ket­len­di­ri­ji ula­gyň öň­ki ti­gir­le­ri­ni aý­la­ýar. Ula­gyň gib­rid gör­nüş­le­rin­de ula­gyň öň­den, yz­dan we dör­dü­si­ni bir wagt­da aý­la­ýan nus­ga­la­ry bar. Ula­gyň kuw­wa­ty 178 at güý­jü­ne ba­ra­bar, 2,5 litr göw­rüm­li he­re­ket­len­di­ri­ji­li, öň ta­ra­py­na goş­ma­ça elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­tor ýer­leş­di­ri­len bir nus­ga­sy bar. Şeý­le­lik­de, onuň kuw­wa­ty je­mi 218 at güý­jü­ne ba­ra­bar bol­ýar. Şeý­le hem, yz ta­ra­py­na elekt­rik ener­gi­ýa­ly mo­tor ýer­leş­di­ri­len nus­ga­sy bo­lup, onuň umu­my kuw­wa­ty 222 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Ösen na­wi­ga­si­ýa ul­ga­my bi­len üp­jün edi­len ula­gyň içi 12,3 dýuým­lyk ek­ran, aw­to­mat açy­lyp ýa­pyl­ýan tu­tu­sy bo­lan ýo­kar­ky pen­ji­re bi­len üp­jün edi­lip­dir. Howp­suz­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len ulag go­laý­da py­ýa­da­la­ryň we we­lo­si­ped­li­le­riň bar­dy­gy­ny duý­dur­ýan ul­gam bi­len üp­jün edi­lip­dir.

Baýramgylyç ORAZGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.