Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da ra­ýat­la­ryň aw­to­u­lag sa­tyn al­ma­gy üçin gol­daw ber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýur­duň hö­kü­me­ti 1400 dol­lar pul kö­me­gi bi­len ra­ýat­la­ry­nyň aw­tou­lag sa­tyn al­ma­gy­na gol­daw ber­mek ka­ra­ry­na gel­di. CNN te­le­ýaý­ly­my­nyň pu­dak we­kil­le­ri­ne sal­gy­la­nyp taý­ýar­lan ha­ba­ry­na gö­rä, üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de Hy­ta­ýyň aw­tou­lag ba­za­ryn­da­ky söw­dasy­nyň 42 gö­te­rim pe­se ga­çan­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le­lik­de, ýurt­da bu dö­wür­de ba­ry-ýo­gy 310 müň aw­tou­lag sa­tyl­dy.
Aw­tou­lag pu­da­gy Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy üçin mö­hüm pu­dak­la­ryň bi­ri­dir. Bu pu­da­gyň her ýyl döw­let gaz­na­sy­na 1 tril­li­on dol­lar­dan gow­rak gir­de­ji ge­tir­ýän­di­gi­ni bel­läp geç­mek ge­rek. Ol hem umu­my sa­tu­wyň 10 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar­dyr. Mun­dan baş­ga-da, dün­ýä­niň aw­tou­lag ba­za­ry gö­nü­den-gö­ni Hy­ta­ýa bag­ly­dyr. Se­bä­bi “Volks­wa­gen” we “Ge­ne­ral Mo­tors” ýa­ly iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň esa­sy söw­da­sy bu ýur­duň ba­za­ryn­da jem­le­nen­dir.

Serdar ASTAKOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.