“Brand Finans” maslahat beriş agentliginiň hünärmenleriniň ýyllyk hasabatynda dünýädäki iň gymmat awtoulag öndürijileriň sanawy hem taýýarlandy. Bilermenler bu sanawy taýýarlamak üçin awtoulag öndürijileriň brend ýa-da brendleriniň ählisiniň häzirki wagtdaky gymmatyny hasaba aldylar.
Ilkinji 10-luga girýän
kompaniýalar:
10. “Renault” topary: “Renault Group” fransuz awtoulag korporasiýasydyr. “Renault” Ýewropada ýylyň awtoulagy baýragyna 6 gezek eýe boldy. 2020-nji ýylyň hasabatyna görä, bu kompaniýa dünýäniň iň gymmat awtoulag öndürijileriniň arasynda 10-njy ýerde durýar.
9. “Geely Auto”: Hytaýyň awtoulag kompaniýasy bu sanawdaky ýeke-täk hytaý brendi bolup durýar. Onuň gymmaty 18 milliard dollara deňdir. Bu görkeziji bolsa geçen ýyldakydan 16,2 göterim ýokarydyr.
8. “Nissan Motor Company”: dünýädäki iň uly kompaniýalaryň hatarynda durýan awtoulag öndürijisidir. Kompaniýa 1933-nji ýylda esaslandyryldy. Bu kompaniýa Ýaponiýada, Angliýada, ABŞ-da, Meksikada, Günorta Afrikada we başga-da birnäçe ýurtda awtoulag kärhanasyna eýelik edýär.
7. “Ford”: Amerikanyň awtoulag kompaniýasy geografiýa boýunça üç gurluşa bölünýär: “Ford Demirgazyk Amerika”, “Ford Aziýa-Ýuwaş ummany” we “Ford Ýewropa”.
6. “General Motors”: Amerikanyň iň uly awtoulag korporasiýasydyr. “General Motors” häzirki wagtda “Buick”, “Cadillac”, “Chevrolet”, GMC we “Holden” awtoulag markalaryna eýelik edýär.
5. “Honda”: Ýaponiýanyň motosikl öndürijisi bolan bu halkara senagat kompaniýasy şol bir wagtda awtoulag öndürijileriniň arasynda dünýäde ilkinji onluga girýär. Esasy önümçilik desgalary Ýaponiýada, ABŞ-da, Hindistanda we Braziliýada ýerleşýär, esasy satuw bazarlary ABŞ we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarydyr.
4. “BMW Group”: Germaniýanyň iri awtoulag öndüriji kompaniýasydyr. Awtoulaglary, motosiklleri, hereketlendirijileri we welosipedleri öndürýän bu kompaniýanyň esasy önümçilik desgalary Germaniýada (Dingolfing, Regensburg, Leýpsig, Mýunhen) jemlenendir. Awtoulaglary Taýlanddaky, Malaýziýadaky, Hindistandaky, Müsürdäki, Günorta Afrikadaky, Wýetnamdaky we ABŞ-daky kärhanalarynda ýygnalýar.
3. “Toyota”: dünýäniň üçünji orundaky iri awtoulag kompaniýasydyr. Ýaponiýanyň “Toyota” şereketiniň brendiniň gymmaty 74,8 milliard dollara deňdir.
2. “Daimler”: bu sanawda ikinji orunda “Daimler” barýar. Germaniýanyň bu kompaniýasynyň brendiniň gymmaty 10,4 göterim ýokarlandy we 2020-nji ýylda 76,3 milliard dollara barabar boldy.
1. “Volkswagen”: Germaniýanyň bu kompaniýasy sanawda birinji ýeri eýeledi, gymmaty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim ýokarlandy we 113,6 milliard dollar boldy.
Güýçgeldi Amanow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň mugallymy.