Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çyk­ýar. “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syna” la­ýyk­lyk­da, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne hu­su­sy pu­da­gyň hem go­şan­dy ulu­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­tiril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­bat­da­ky baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Türk­men ba­za­ryn­da dün­ýä­niň is­len­dik döw­le­ti­niň ha­ryt­la­ry bi­len bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­çi­lik­ler ýo­la go­ýul­dy. Ýur­du­my­zyň eks­port ugur­ly ha­ryt­la­ry­nyň dün­ýä ba­za­ryn­da­ky or­nu­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len san­ly ul­gam­dan hem ne­ti­je­li peý­da­lan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ugur­da san­ly we on­laýn ser­gi­le­ri ge­çir­mek ba­bat­da de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Go­laý­da ýur­du­my­zyň Daşa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Hal­ka­ra ser­gi­ler býu­ro­sy­nyň baş sek­re­ta­ry Di­mit­ri Ker­kent­zes bi­len san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly du­şu­şyk ge­çi­ril­di. On­laýn gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da Hal­ka­ra ser­gi­ler býu­ro­sy bi­len ýur­du­my­zyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň we hyz­mat­la­ry­nyň wir­tu­al ser­gi­si­ni gu­ra­mak bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­lar ge­çi­ril­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 10-njy ap­rel­de ge­çi­ri­len Ministrler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hor­mat­ly Prezidentimiz on­laýn-ser­gi­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, mu­nuň ýur­du­my­zyň san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni hem-de söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni nyg­tap­dy.
Göz öňün­de tu­tul­ýan on­laýn ser­gi­ler hal­ka­ra işe­wür to­par­la­ry­nyň ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­ler bi­len ta­nyş­ma­ga hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat­laş­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa geç­ýän­di­gi ba­ra­da mag­lu­mat al­ma­ga oňaý­ly şert dö­re­der.

Seý­ran­mäm­met An­na­mämm­e­dow,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.