Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lary bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Bu ugur­da ýo­la goý­lan iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar­dyr hyz­mat­daş­lyk­lar bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän gu­ra­ma­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­ny hem (BSG) gör­kez­mek bo­lar. Ata Wa­ta­ny­my­zyň bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­ma­gy ba­bat­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy. Mu­nuň üçin ýö­ri­te hö­kü­met to­pa­ry dö­re­dil­di.
Go­laý­da ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na (BSG) gir­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri öw­ren­mek bo­ýun­ça Hö­kü­met to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hal­ka­ra söw­da­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek we bu ul­gam­da ag­za döw­let­le­riň­ gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, 1995-nji ýyl­da dö­re­di­len Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy tä­ze söw­da yla­la­şyk­la­ry­ny­ň iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na hem-de or­naş­dy­ryl­ma­gy­na jo­gap ber­ýär, şeý­le hem dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan gol çe­ki­len we ola­ryň par­la­ment­le­ri ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan şert­na­ma­la­ryň bu gu­ra­ma­nyň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýär.
Ýur­du­my­zyň bu gu­ra­ma­nyň dü­zü­mi­ne go­şul­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly hö­kü­met to­pa­ry­nyň mej­lis­le­ri­niň, şeý­le hem ady ag­za­lan gu­ra­ma­nyň we­kil­le­ri we hal­ka­ra bi­ler­men­ler bi­len ge­çi­ri­len ge­ňeş­me­le­riň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň BSG-ä syn­çy de­re­je­sin­de gat­naş­ma­gy­nyň il­kin­ji ädim hök­mün­de kes­git­len­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da bu ugur­da de­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry kä­mil­leş­di­ril­ýär hem-de söw­da amal­la­ry­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler ge­çi­ril­ýär. Hökümet toparynyň şu ge­zek­ki mej­li­sin­iň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­syn­da syn­çy de­re­je­si­ni al­ma­gy­na de­giş­li anyk çä­re­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şeý­le­lik­de, BSG-ä gir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýur­du­my­zyň dün­ýä­de gel­jek­de eýe­le­jek or­nu­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, äh­lu­mu­my iş­le­re iş­jeň gat­naş­mak bi­len bir­lik­de, özü­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny has oňaý­ly peý­da­lan­mak müm­kin­çi­li­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Ata­jan MYL­KY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.