1984-nji ýyldan bäri her ýylyň 18-nji aprelinde ýadygärlikleriň we taryhy mekanlaryň halkara güni bellenilip geçilýär. Bu şanly sene ÝUNESKO-nyň garamagyndaky Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramak meseleleri boýunça halkara geňeşiň assambleýasy tarapyndan 1983-nji ýylda döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň bu senäni baýramçylyklaryň we belli seneleriň hataryna goşmagynyň maksady medeni mirasy gorap saklamak meselelerine adamlaryň ünsüni çekmekden ybaratdyr.
Bu baýramçylygyň çäginde ýadygärlikleri, taryhy toplumlary goramak bilen baglanyşykly maslahatlary öz içine alýan dürli möhüm çäreler geçirilýär. Şeýle hem taryhy ýerlere gezelençler guralýar, käbir muzeýler şol gün myhmanlaryny mugt kabul edýär.
Häzirki günde biziň ýurdumyzda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, medeni we taryhy gymmatlyklarymyz, edebi we taryhy çeşmelerimiz giňden öwrenilip, dünýä wagyz edilýär. Mukaddes ýerleri we ýadygärlikleri, arheologiki we taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça giň gerimli işler ýerine ýetirilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Watanymyz özüniň taryhy gymmatlyklary bilen dünýäni haýrana goýýar.
Göwher Hojanyýazowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
mugallymy.