Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň çar künjegi bagy-bossanlyga bürelýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde ekologiýa taýdan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda zerur işleriň geçirilýän döwründe Garagum sährasynyň ekologiýa bioköpdürlüligini saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine möhüm ähmiýet berilýär.

Türk­me­nis­ta­nyň ösüm­lik dün­ýä­si baý we dür­li-dür­li­dir. Ýurdumyzda ösüm­likleriň 2500-den gow­rak gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň 700-den gow­ragy säh­ra­lyk­lar­da ös­ýär. Sa­zak Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çä­ge­le­ri­niň esa­sy ösüm­li­gi ha­sap­lan­ýar. Sa­za­gyň iki gör­nü­şi, ýagny ak we ga­ra görnüşi bolup, olar ga­ty meň­zeş­dir, ýö­ne ola­ry uzak­dan ta­pa­wut­lan­dy­ryp bol­ýar. Ak sa­za­gyň ýe­ňil şa­ha­la­ry has açyk we has ki­çi, ga­ra sa­za­gyň­ky bol­sa ga­lyň­dyr. Ýal­ňyş­maz­lyk üçin ýaş şa­ha­la­ry de­ňeş­di­rip gö­rül­ýär.
Sa­za­gyň, esa­sa­nam, ga­ra sa­za­gyň ga­ty çuň bol­sa-da, ýe­ras­ty suw­la­ry çek­ýän güýç­li kök ul­ga­my bar­dyr. Ösüm­lik suw­suz­lyk­dan ejir çek­me­ýär, çün­ki onuň bal­dak­la­ry şeý­le suw­ly we­lin, bar­mak­la­ry­ňyz bi­len bas­sa­ňyz, çyg­lyk sy­zy­lyp çyk­ýar. Onuň çy­gar şa­ha­la­ry bu­gar­ma­da su­wy az sarp ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da sa­zak­la­ryň ýe­tiş­di­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Amat­ly şert­ler­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len na­hal­lar, te­bi­gy gy­rym­sy agaç­lar­dan has köp to­hum ber­ýär. Ba­har pas­lyn­da go­ýun­lar we dü­ýe­ler çalt ös­ýän ga­ra sa­za­gyň bal­dak­la­ry bil­en iý­mit­len­ýär­ler. Gyş­da bol­sa sazak uzak öri meý­dan­la­ryn­daky mallar üçin goş­ma­ça iý­mit çeş­me­si­dir. Ga­ra sa­zak di­ňe bir to­kaý eme­le ge­tir­ýän gör­nüş­ler hök­mün­de däl, eý­sem, ot-iým ösüm­li­gi hök­mün­de hem gy­zyk­lan­dyr­ýar, öri meý­dan­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­ýar. Ga­ra sa­zak­dan dö­re­di­len go­rag zo­lak­la­ry hem peý­da­ly­dyr. Bu ösüm­lik säh­ra top­rak­la­ryn­da top­ra­gy eme­le ge­tir­ýär, ony or­ga­ni­ki mad­da­lar bi­len dol­dur­ýar we ýe­ras­ty suw­la­ryň de­re­je­si­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Mun­dan baş­ga-da, sa­zak gy­rym­sy şa­ha­la­ry bilen ilat­ly ýer­le­ri to­zan­dan we tu­pan­la­r­dan go­ra­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­lala­ry bi­len Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň ho­wa we top­rak şert­le­rin­de tokaý­la­ry ýe­tiş­dir­mek we öri meý­dan­la­ry­nyň ösüm­lik ör­tü­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy se­riş­deler­den re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gyna uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň aja­ýyp te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­lik­le­ri, onuň ösüm­lik dün­ýä­si yzy­gi­der­li öw­re­nil­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýurdu­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek, ony gel­jek­ki ne­sil­le­re ge­çir­mek bo­ýun­ça nus­ga­lyk iş­le­ri alyp bar­ýan hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe rowaç­lyk­la­ra bes­len­sin!
Gül­je­mal JUM­MA­NO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.