Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyzda sport ulgamy aýratyn üns berilýän ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da çagalaryň, ýaşlaryň mümkin boldugyça örän köp sanlysynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin şertleriň döredilmegi, sporty ösdürmek strategiýasyny işläp taýýarlamagyň hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar edilmeginiň baş maksadyna öwrüldi.

Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly dok­ma se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­ ýo­ka­ry hil­li ma­ta­la­ry taý­ýar­la­mak, tä­ze be­zeg­le­ri­ iş­läp düz­mek we tik­mek­dir. Hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de hor­matly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň gör­kez­me­si esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ry türk­men tür­gen­le­ri­ne ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ma­gy­na ni­ýet­le­nen ýo­ka­ry hil­li, es­te­ti­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ra eýe bo­lan, mil­li ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýän şe­kil­ler we ny­şan­lar bi­len be­ze­len eşik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­le­r ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy hök­mün­de, 2017-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na, 2018-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len “Amul-Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne, şeý­le hem 2018-nji ýy­lyň 28-nji okt­ýab­ry – 10-njy no­ýab­ry ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­na taý­ýar­la­nan­dy­gy­ny gör­kez­mek bo­lar.
Hä­zir­ki za­man bi­çüw­li sport egin-eşik­le­ri ada­myň tür­gen­le­şik geç­ýän ýe­rin­dä­ki ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­me­li, has ta­kyk aý­dy­lan­da, be­den­den de­ri­ aýyr­mak­lyk, ýy­ly­lyk goý­ber­mez­lik, ge­rek­li ýag­daý­da sal­kyn­lyk ber­mek uky­by bol­ma­ly. Sport eşik­le­ri gi­gi­ýe­na ta­lap­la­ry­ny üp­jün edip bil­me­li hem-de fi­zi­ki maşk­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän döw­rün­de be­de­niň ýy­ly­lyk de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­ly, tür­ge­niň bo­ýu­na, se­miz­li­gi­ne we ag­ra­my­na la­ýyk bol­ma­ly, şi­kes­ler­den we me­ha­ni­ki şi­kes­len­me­ler­den go­ra­ma­ly­dyr.
Köp­lenç sarp edi­ji­ler amat­ly hem-de owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan sport eşik­le­ri­ne is­leg bil­dir­ýär, şeý­le amat­lyk­la­ry (sür­tül­mä dur­nuk­ly, ýy­gyrt­lan­ma­ýan, çe­ýe we ş.m) bol­sa eme­li sin­te­ti­k eşik­ler üp­jün edip bil­ýär. Şol se­bäp­li köp­ san­ly sarp edi­ji­ler ma­ta­nyň ýa-da eşi­giň hi­li­ne, dü­zü­mi­ne hem-de onuň sag­ly­ga zy­ýan­ly­dy­gy­na üns ber­me­ýär­ler. Sin­te­ti­ki ma­ta­dan ti­ki­len eşik­ler adam be­de­ni­ne zy­ýan­ly ta­rap­la­ry­nyň, umu­man, gi­gi­ýe­ni­ki hil de­re­je­le­ri­ni üp­jün edip bil­me­ýän hä­si­ýet­le­re eýe­dir. Te­bi­gy sü­ýü­m­den (me­se­lem pag­ta) do­ka­lan ma­ta­lar­da adam sag­ly­gy­na peý­da­ly köp­san­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bol­ýar.
Geç­miş­de ma­ta­la­ry esa­sy iki gör­nü­şe: sin­te­ti­k we te­bi­gy sü­ýü­min­den dok­ma önüm­le­ri­ne böl­mek müm­kin­dir. Sin­te­ti­k ma­ta­la­ryň be­de­ne dem ber­me­ýän döw­ri geç­di. Ýo­ka­ry hil aý­ra­tyn­lyk­la­ra eýe bo­lan ma­ta­la­ry ön­dür­mek üçin döw­re­bap ma­ta­la­ryň äh­li­si te­bi­gy sü­ýü­mi bi­len sin­te­ti­k sü­ýüm­le­ri­niň ga­ry­lyp do­kal­ma­gy ýo­la go­ýul­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri esa­syn­da, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ki en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan pu­dak kär­ha­na­la­ry ta­ra­pyn­dan da­şa­ry ýurt stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän sin­te­ti­k sü­ýüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň pag­ta ýa-da ýü­pek sü­ýüm­le­ri bi­len ga­ry­lyp do­kal­ýan dok­ma önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li gör­nüş­le­ri art­dy­ryl­ýar we onuň ön­dü­ri­li­şi dur­nuk­ly ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar.

Ene­jan Bal­ly­ýe­wa,
Türk­men döw­let me­den­iýet
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.