Hy­ta­ýyň Guang­žou şä­he­rin­de tä­ze sta­dio­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Daş­ky keş­bi lo­tos gü­lü­ne meň­zeş edip gu­rul­jak bu tä­sin des­ga “Guang­žou Ewerg­rand” to­pa­ry­na de­giş­li bo­lar. Ame­ri­ka­ly bi­na­gär­le­riň tas­la­ma­sy esa­syn­da gu­rul­jak sta­di­on 100 müň to­ma­şaça ni­ýet­le­nen­dir. Ol to­ma­şa­çy syg­dyr­mak bo­ýun­ça dün­ýä­niň 4-nji sta­dio­ny bo­lar. Sta­dio­nyň gur­lu­şy­gy üçin 1 mil­liard 700 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry sarp edi­ler. Onuň gur­lu­şy­gy­ny 2022-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Dün­ýä bel­li “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy Ang­li­ýa­nyň “Pre­mi­er li­ga­sy­nyň” we­ki­li “Tot­ten­ham Hots­pur” to­pa­ry­nyň sta­dio­ny­nyň ady­nyň hu­ku­gy­ny al­mak is­le­ýär. Yla­la­şyk ga­za­ny­lan ýag­da­ýyn­da Lon­don şä­he­ri­niň klu­bu­nyň “Tot­ten­ham Hots­pur” at­ly sta­dio­nynyň ady “Ama­zon” sta­dio­ny bo­lar. Bu yla­la­şyk üçin “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy iň­lis to­pa­ry­na her ýyl üçin 25 mil­li­on funt ster­ling tö­lär. Şert­na­ma­nyň möh­le­ti il­kin­ji tap­gyr­da 10 ýyl bo­lar.

Is­pa­ni­ýa­nyň “Re­al Mad­rid” to­pa­ry özü­niň meş­hur sta­dio­ny “San­tia­go Ber­na­beu­nyň” dur­ku­ny tä­ze­lär. Tä­ze­çe keş­be bü­ren­jek bu sta­dio­nyň üçe­gi ge­rek bo­lan ýag­da­ýyn­da ýa­py­lyp bil­ner. Sta­dio­nyň abat­la­ýyş iş­le­ri­niň 2022-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.