75 ýaşly futbolçylar
Dün­ýä­de mil­li­on­lar­ça ada­my özü­ne ma­ýyl ed­ýän fut­bol oý­nu­ny pro­fes­sio­nal de­re­je­de oý­na­mak üçin ýaş­lyk­dan, hat­da ça­ga­lyk­dan baş­la­nyl­ýar. 17–20 ýaş­lar­da eý­ýäm pro­fes­sio­nal­ly­ga il­kin­ji ädim­ler ädil­ýär. Şon­dan soň, öz uky­by­ňa, ba­şar­ny­gy­ňa, sag­lyk ýag­da­ýy­ňa we beý­le­ki kä­bir şert­le­re gö­rä oý­na­ber­me­li. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, fut­bo­ly taş­la­ma­gyň ýa­şy­nyň çä­gi ýok.
5,8 mil­lio­n ilat­ly Da­ni­ýa­da 320 müň yg­ty­ýar­na­ma­sy bo­lan (li­sen­zi­ýa­ly) fut­bol­çy bar. Fut­bo­la 6 ýaş­lar­da baş­la­nyl­ýan ýurt­da üýt­ge­şik li­ga bo­lup, ol beý­le­ki­ler­den düýp­gö­ter ta­pa­wut­ly­dyr. Bu li­ga­nyň aý­ra­tyn­ly­gy fut­bol­çy­la­ry­nyň 75 ýaş we on­dan ýo­ka­ry bol­ma­gy­dyr. Bu li­ga­nyň ady “Su­per Grand Vete­ran Mas­ters” li­ga­sy­dyr.
Ýew­ro­pa­da ýe­ke-täk bo­lan bu li­ga­da 4 to­par çy­kyş ed­ýär. To­pa­ryň oýun­çy­la­ry­nyň ag­la­ba­sy-da bir şä­her­çe­de, bir et­rap­da önüp-ösen, ça­ga­lyk­dan dost bo­lan fut­bol­çy­lar­dyr. Olar oza­lam köp ýyl­lap, bir to­par­da çy­kyş edip gel­ýän we­te­ran­lar bo­lup, nä­çe wagt geç­se-de, fut­bol­dan daş­laş­man ga­lan go­ja­lar­dyr. Ola­ryň hem­me­si di­ýen ýa­ly 40 ýaş­la­ryn­da “Old Bo­ys” li­ga­syn­da, 60 ýaş­la­ryn­da-da “Vete­rans” li­ga­syn­da çy­kyş ed­ýär­ler. Ýö­ne olar nä­çe go­jal­sa­la­ram fut­bo­ly taş­la­mak­çy bol­man­dyr­lar. Şol se­bäp­li Da­ni­ýa­nyň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy (DBU) 65 ýaş­dan ýo­ka­ry bo­lan­lar üçin tä­ze li­ga dö­red­ýär. 65 ýaş­dan soň fut­bo­ly taş­lar­lar di­ýip, pi­kir eden Fe­de­ra­si­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry 2013-nji ýyl­da 70 ýaş­ly­lar üçin “Grand Vete­ran Mas­ters” li­ga­sy­ny esas­lan­dyr­ma­ly bol­ýar­lar. 2018-nji ýyl­da bol­sa, re­kord ha­sam ýo­kar­lan­ýar. “Go­ja ýet­gin­jek­le­riň” li­ga­la­ry­nyň ha­ta­ry­na 75 ýaş­dan ýo­ka­ry bo­lan­lar üçin “Su­per Grand Vete­ran Mas­ters” li­ga­sy hem go­şul­ýar. Bu li­ga­da 4 to­par çy­kyş ed­ýär. Şo­la­ryň bi­ri bo­lan “Os­terb­ro” klu­bu­nyň “Grand Vete­ran Mas­ters” we “Su­per Grand Vete­ran Mas­ters” li­ga­la­ryn­da-da we­kil­çi­lik ed­ýän to­par­la­ry bar.
“Su­per Grand Vete­ran Mas­ters” li­ga­sy 6 tap­gyr­dan yba­rat bo­lup, to­par­lar hem öz meý­dan­ça­syn­da, hem-de myh­man­çy­lyk­da du­şu­şyk ge­çir­ýär. Ne­ti­je­de, iň köp utuk top­lan to­par çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Da­ni­ýa­da no­ýabr­dan mart aýy­na çen­li fut­bol du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­me­ýär. Şol dö­wür­de dö­re­di­len soň­ky 2 li­ga­nyň klub­la­ry bi­le­le­şip, ýö­ri­te bäs­le­şik ge­çir­ýär­ler. Du­şu­şyk­lar eme­li ot­ly meý­dan­ça­lar­da oý­nal­ýar.
“Os­terb­ro” to­pa­ry­nyň has go­ja­la­ry­nyň ka­pi­ta­ny Pol Klars­kow 66 ýyl­dan bä­ri fut­bol oý­na­ýar. Asyl kä­ri ma­li­ýe iş­gä­ri bo­lan Klars­kow ne­pa­ga­da­ky gün­le­rin­de-de boş otu­ra­nok. Ol to­pa­ry­nyň ka­pi­tan­ly­gyn­dan baş­ga-da klu­buň ma­li­ýe iş­le­ri­ne-de se­red­ýär. Pol Klars­kow: “Biz baş­ga ýurt­la­ryň to­par­la­ry bi­le­nem du­şu­şyk ge­çir­mek is­le­ýä­ris. Şeý­le li­ga­nyň di­ňe Da­ni­ýa­da bol­ma­gy bi­zi bel­li bir de­re­je­de ka­na­gat­lan­dy­ra­nok” di­ýip, gür­rüň ber­ýär.
Eger-de bu go­ja “ja­hyl­lar” 80 ýa­şyn­dan so­ňam fut­bol oý­na­ma­gy­ny do­wam et­dir­se, on­da Da­ni­ýa­nyň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy “Ult­ra Su­per Grand Vete­ran Mas­ters” ady bi­len ýe­ne-de tä­ze li­ga dö­ret­me­li bo­lar­lar.