Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşynyň 4-njisi 1958–1959 möwsüminde geçirilýär. Oňa 28 topar gatnaşyp, olaryň 2-si dürli sebäplere görä, ýaryşda çykyş etmeýär. Finlýandiýanyň çempiony ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýar. “Olimpiakos” syýasy, “Mançester Ýunaýted” bolsa başga sebäp bilen ýaryşa gatnaşmaýar.
“ÝUWENTUS” 7–0
HASABYNDA UTULÝAR
Saýlama tapgyrynda “Ýuwentus” öz meýdançasynda Awstriýanyň “Winer Şport-Klub” toparyny Omar Siworiniň het-trigi bilen 3–1 ýeňse-de, jogap duşuşygynda 7–0 utulyp, ýaryşdan çykýar. Awstriýa toparynyň gollarynyň 4-sini Ýosef Hamerl derwezä girizýär. Madridiň “Atletiko” topary Irlandiýanyň “Drumkondra” toparyny 8–0 we 5–1 hasaplar bilen ýeňýär. Fransiýanyň çempiony “Stad de Reýms” topary “Ards” (D. Irlandiýa) toparyny 4–1 we 6–2 hasaplar bilen utýar. Duşuşyklarda Žýust Fonten 6 goly derwezä girizýär. “Beşiktaş” bilen “Ýang Boýz” toparlary degişlilikde, “Olimpiakos” we “Mançester Ýunaýtediň” ýaryşdan çekilmeginden soň, 1-nji tapgyra çykýar.
1-nji tapgyrda kubogyň eýesi “Real Madrid” topary “Beşiktaşy” 2–0 ýeňýär. Stambuldaky oýun 1–1 deňlikde tamamlanýar. “Reýms” topary ilkinji gezek gatnaşýan finleriň çempiony “HPS Helsinki” toparyny 4–0 we 3–0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär. Madridiň başga bir kluby “Atletiko” Bolgariýanyň “SDNA Sofiýa” toparyny öz meýdançasynda 2–1 ýeňip, jogap oýnunda 1–0 asgyn gelýär. Goşmaça oýnalan 3-nji duşuşykda ispan topary 2–1 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýoluny dowam edýär.
Çärýek finalda şowly çykyş edip gelýän “Reýms” myhmançylykda “Standarddan” 2–0 utulýar. Ýöne jogap oýnunda Piantoni we Fonteniň (2) gollary bilen 3–0 ýeňen fransuz kluby 2-nji gezek ýarym finala çykýar. Mundan öňki 3 ýaryşyň çempiony “Real Madrid” çärýek finalda “Winer Şport-Klub” topary bilen myhmançylykda golsuz deňme-deň oýnaýar. Madridde bolsa, Alfredo Di Stefanonyň 4 gol geçiren oýnunda 7–1 hasabynda ýeňip, bassyr 4-nji gezek ýarym finala çykýar. Şol wagtky Gündogar Germaniýanyň “Wismut Karl Marks Ştadt” bilen Şweýsariýanyň “Ýang Boýz” toparlarynyň arasyndaky 2 duşuşykda-da ýeňiş gazanan bolmaýar (0–0, 2–2). 3-nji duşuşykda 2–1 hasabynda ýeňiş gazanan şweýsar kluby ýaryşy dowam edýär.
Ýarym finalda “Reýms” ýene-de 1-nji oýunda utulýar. Şweýsariýada 1–0 asgyn gelen fransuz kluby öz meýdançasynda “Ýang Boýzy” Piantoni we Fonteniň takyk urgulary netijesinde 3–0 utup, 3 ýyldan soň, 2-nji gezek finala çykýar. Ýarym finalyň beýleki duşuşygynda, ýagny Madrid derbisinde “Real” bilen “Atletiko” duşuşýar. “Santiago Bernabeuda” Rial we Puşkaşyň gollary bilen 2–1 ýeňen “Real” myhmançylykda 1–0 utulýar. Saragosa şäherinde oýnalan 3-nji duşuşykda “Real” Di Stefano we Puşkaşyň gollary bilen 2–1 ýeňip, yzly-yzyna 4-nji ýola finala adyny ýazdyrýar.
1956-njy ýyldaky
final gaýtalanýar
“Real Madrid” bilen “Reýms” toparlarynyň arasyndaky final duşuşygy Germaniýanyň Ştutgart şäherindäki “Neklarştadion” stadionynda oýnalýar. Mundan 3 ýyl ozalky, ýagny 1956-njy ýyldaky finalyň rewanşy bolan duşuşyga Günbatar germaniýaly Albert Duş eminlik edýär. Oýna tomaşaçy hökmünde 72 müň janköýer gatnaşýar. Eýýäm oýnuň 1-nji minuty dolmanka “really” Enrike Mateos hasaby açýar. 2-nji ýarymyň ilkinji minutlarynda-da Alfredo Di Stefano tapawutlanýar. Şeýlelikde, 2–0 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” bassyr 4-nji gezek yklymyň iň uly kubogyny gazanýar. Toparyň argentinaly tälimçisi Luis Karnilia 2-nji gezek kubogy asmana göterýär. “Reýms” bolsa, 2-nji synanyşygynda kubogy alyp bilmän 2 gezek finalda utulan ilkinji topar bolýar. Ol 2000-nji ýyllara çenli 2 gezek finalda utulan çempion bolmadyk ýeke-täk toparlygyna galýar.
Žýust Fonten
Fransuz futbolynyň ägirdi, Žýust Fonten 1933-nji ýylyň 18-nji awgustynda Marokkonyň Marrakeş şäherinde dünýä inýär. 1950-nji ýylda “Kasablanka” toparynda futbola başlan Fonten 1953-nji ýylda “Nissa”, 3 ýyldan soňam “Reýms” toparyna transfer bolýar. Yzygiderli gaýtalanyp duran şikesi sebäpli ol 1962-nji ýylda mejbury ýagdaýda futboly taşlaýar. Žýust Fonteniň iň meşhurlyk gazanan ýyly 1958-nji ýyldaky Dünýä Kubogy bolýar. Ol şol çempionatda 6 duşuşykda meýdança çykyp, 13 gol geçirýär we bu 1 çempionatda görkezilen iň ýokary netijedir. Bu görkeziji rekorda deň bolup, entek oňa golaýlaşan futbolçy ýok. Şol çempionatda 2 gezek het-trik eden Fonten Fransiýanyň ýygyndysy bilen bürünç medala mynasyp bolýar. Fonten 1958–1959 möwsüminde “Stad de Reýms” klubuny Çempionlar ligasynda finala çykarýar. Ýöne ussat futbolçynyň eden tagallasy çempionlyk üçin ýeterlik bolmaýar. Ol “Reýms” bilen Fransiýada 3 çempionlyk gazanýar. Häzirki wagtda 86 ýaşynda bolan Fonten 1967–1981-nji ýyllar aralygynda, ýagny tälimçilik karýerasynda, PSŽ, “Tuluza” klublary bilen bir hatarda, Fransiýanyň hem-de Marokkonyň ýygyndylaryna tälim berýär.