Elektrik energiýasy bilen işleýän ulag bazary ýylsaýyn ösýär. Bu ulaglaryň kiçiräk görnüşleri bir gezekki zarýady bilen 300-350 km ýol geçýän bolsa, käbir nusgasy 600 km töweregi ýol geçýär. Hünärmenler bu aralygy has hem uzaltmagyň aladasyny edýärler. “Triton” kompaniýasy bir gezekki zarýady bilen 1126 km ýol geçip biljek ulagy işläp taýýarlaýar. Kompaniýa ýolsuz ýerden sürmäge niýetlenen “Model H” atly ulagy bir ýyldan gowrak wagtdan bäri işläp taýýarlaýandyklaryny, ulagyň kuwwatynyň 1500 at güýjüne barabardygyny mälim etdi. Kompaniýanyň ilkinji elektroulagy bolan “Model H”-de dört sany hereketlendiriji oturdylar. 0-100 km/s tizlige 2,9 sekuntda ýetýän ulagyň uzynlygy 5 m 690 sm, giňligi 2 m 5 sm, beýikligi 1 m 88 sm. “Triton” bu ölçegdäki ulagyň 8 orunlyk boljakdygyny belleýär. 140 müň dollardan satyljak ulaglar üçin sargytlaryň kabul edilip başlanandygy habar berildi.