24-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK
ASSOSIASIÝASYNYŇ X MEJLISI
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine on ýyl dolýandygyny belläp, hemmeleri bu şanly sene hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we atçylygy ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredileninden bäri geçen 10 ýylyň içinde köp iş edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 34 döwletinden ýuridik we fiziki şahslaryň 155-si bu guramanyň agzasy bolup durýar. Olar atçylygy ösdürmekde uly işleri bitirdiler. Bu bolsa dünýäde ahalteke bedewleriniň baş sanynyň we muşdaklarynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejesinde ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi.
Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, atçylygy ylmy esasda ösdürmek üçin döwrebap edaralary döretmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça hem köp işler edildi. Döwletimiz atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga 680 million amerikan dollary möçberde maliýe serişdelerini goýberdi. Biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan giň gerimli işlerimizi dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy halkara derejesinde giňden bellenilýär. Şu baýram mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we atçylygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat, at çapyşyklary, atly sport bäsleşikleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Behişdi bedewlerimiziň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri guralýar. Bu çäreler ady äleme dolan atlarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär.
Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, dünýäde ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny giňden ýaýmak boýunça berk binýadyň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda at çapyşyklaryny, at üstündäki milli oýunlary we atly sportuň beýleki görnüşlerini, şol sanda konkur, marafon bäsleşiklerini halkara derejesinde geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk-sport toplumlary, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bolsa, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy gurlup, ulanylmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, şeýle hem Aşgabat we Lebap atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalary döwrebap ýagdaýa getirilip, olara politrek örtügi düşeldi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şeýle hem atçylygy we atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek boýunça degişli işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen we atlar ösdürilip ýetişdirilende, köpeldilende hem-de ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň “Atçylyk we atly sport hakyndaky” Kanuny kabul edildi.
Bu kanun atçylykda alnyp barylýan tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohum özenini gorap saklamak, köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk binýadyny döredýär. Atçylygy hem-de atly sporty ösdürmäge, şeýle hem bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynyň sanawyna ilkinji gezek atly sportuň konkur görnüşi goşuldy. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmäge we bu ugurdaky ukybyny doly açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döretdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Biz ahalteke bedewlerimiziň halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegi üçin geljekde hem ähli tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berilýär. Olara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Ussat halypa çapyksuwary we Halk atşynasy diýen hormatly atlary dakýarys. Bu işler geljekde hem dowam etdiriler. Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Behişdi ahalteke atlary” žurnalynyň ýurdumyzda we dünýäde ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilişini, taryhy we beýleki gymmatly maglumatlaryny, atşynaslarymyzyň alyp barýan işlerini giňden beýan etmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirýändigini aýratyn belledi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ahalteke bedewleri syn-sypaty, gözelligi bilen muşdaklaryny özüne çekip, dünýä döwletleriniň ençemesinde ösdürilip ýetişdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu assosiasiýanyň döredilenden bäri, behişdi bedewlerimizi ýetişdirmek isleýänleriň, onuň muşdaklarynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanmak bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmakda assosiasiýanyň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn belläp, dürli döwletleriň bu jemgyýetçilik guramasyna agza ýuridik şahslaryna we hususy atşynaslaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ugurda gatnaşyklaryň barha pugtalanjakdygyna we has-da kämilleşjekdigine berk ynam bildirdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, bu ajaýyp tohumdaky bedewleri saklamak we köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. E.Orazgeldiýew türkmen atşynaslygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge berýän kömegi hem-de milli atşynaslyk hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimize pudagyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” atly hormatly derejäni esaslandyrmak hakyndaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz bu teklibi makullady hem-de Mejlisiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurdumyzyň kanunçylygyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň has tapawutlanan atşynaslaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly işjeň agzalaryna “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permanlara gol çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna täze türkmen hem-de daşary ýurtly agzalary kabul etmek hakynda assosiasiýanyň Kararlaryna gol çekdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny tüýs ýürekden gutlap, olara ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende galdyrmakda alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we olara atçylyk pudagyny ösdürmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlise gatnaşýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna söz berildi. Olar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde, türkmen halkynyň zehinli seýisleriniň asyrlaryň dowamynda uly söýgi bilen ýetişdiren behişdi bedewleriniň diňe bir myhmansöýer türkmen topragynda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde toý-baýramlaryň bezegine öwrülýändigini, dürli ýurtlaryň ahalteke bedewlerini ösdürmek bilen meşgullanýandygyny nygtadylar.
HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK
ASSOSIASIÝASYNYŇ AGZALARYNYŇ
ÝÜREK BUÝSANJY:
Katarina-Irena Anna — Margarita Ýakob, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory:
Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýmakda we oňa söýgi bilen garamakda nusga bolýan Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistan atçylyk pudagyny ösdürmekde we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda tutuş dünýä üçin nusgalykdyr.
Ýožef Gýula Nýeka, Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti:
Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde, häzirki döwürde Türkmenistanda behişdi bedewleri ýetişdirmegiň gadymy däplerini dowam etdirmek bilen birlikde, bu pudaga dünýä ylmynyň gazananlary hem-de döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi bolsa bu babatda Türkmenistany öňdäki hatarlara çykarýar.
Şeýh Faýsal bin Raşid bin Isa al-Halifa, Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary:
Türkmenistanyň Prezidenti atlaryň dünýäde iň gadymy tohumy bolan, gözelligi hem-de syraty bilen haýran galdyrýan ahalteke bedewlerini gorap saklamak we wagyz etmek üçin uly tagallalary edýär.
Antal Iştwan Ýanoş, Rumyniýanyň Parlamentiniň deputaty, Rumyniýa-Türkmenistan Parlamentara toparynyň ýolbaşçysy:
Gadymy türkmen topragy boýunça gezelenç etmäge döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, maňa türkmen halkynyň däp-dessurlary, medeniýeti we taryhy bilen tanyşmak bagty miýesser etdi. Dünýäde iň gadymy we iň gözel atlaryň biri bolan ahalteke bedewleri meni haýran galdyrdy.