Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä dolduran hem-de ýurdumyzyň atşynaslyk sungatyny täze rowaçlyklara göteren hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly behişdi bedewlerimize bagyşlanan kitaby dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Türkmen atçylyk pudagynyň gymmatly gollanmasyna öwrülen bu kitabyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda nemes, türk we arap dillerine terjime edilen neşirleriniň çapdan çykmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy.
Şeýle hem bu neşirler ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda ahalteke atlarynyň bütin dünýädäki köp sanly muşdaklary üçin hem ajaýyp sowgat hem-de gymmatly gollanma öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleriniň tapgyryny dowam edip, 8 bölümden ybarat bolup, dünýä taryhynda atyň keşbiniň kemala gelşiniň geçmişini öz içine alýan gözýetimi yzygiderli açyp görkezýär. Bu örän gyzykly kitap nemes, türk hem-de arap halklary üçin hem elýeterli boldy.
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň dabaralara beslenip bellenilip geçilýär. “Türkmenistan –
Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem bu baýramçylygyň gerimi has-da giňden tutuldy. Ýurdumyzyň çar künjeginde behişde bedewlerimize bagyşlanan baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Şeýle giň gerimli çäreler Lebap welaýatynda hem geçirildi. Welaýatyň merkezi Türkmenabat şäherindäki Lebap welaýat kitaphanasynyň döwrebap binasynda dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen, hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasyndan dörän eserleriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Behişdi bedewlere bagyşlanan kitaplar: “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplar şolaryň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Bu eserler öz okyjylaryny behişdi bedewleriň türkmen halkynyň watançylyk we ynsanperwer duýgulary bilen berk baglydygyny beýan etmekde täsir galdyrýar.
Bu ýerdäki dabarada hormatly Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Duşuşyga bu dillere terjime edilen ýurtlaryň biziň döwletimizdäki ilçileri – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Höfer – Wissing, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al Haşimi hem gatnaşyp, olar hormatly Prezidentimiziň görnükli eseriniň terjime edilmeginiň wekilçilik edýän ýurtlarynyň okyjylarynda uly gyzyklanma döredendigini bellediler. Munuň özi olara ahalteke bedewleriniň taryhy we häzirki ösüşi bilen tanyşmaga, Türkmenistanda atçylygyň ösüşiniň döwürleri barada köp zatlary bilmäge mümkinçilik berdi.
Merdana ata-babalarymyzyň şöhraty ýer ýüzüne ýaýran beýik atçylyk medeniýetiniň gözbaşynda durandyklaryny görkezýän hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby maglumatlara baýlygy, wakalaryň düýpli we düşnükli beýan edilendigi, ahalteke atlarynyň ajaýyp suratlary bilen bezelendigi taýdan tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby bilen bir hatarda “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler”, şeýle hem “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly eserleri türkmeniň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň şöhratyny äleme jar etmekde, ahalteke atlarynyň muşdaklaryny, seýisleri, atçylyk sporty bilen meşgullanýan hünärmenleri hem-de ähli bedew janköýerlerini biri-birine ýakynlaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Bu täsin tohumyň ösüşiniň özi halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüňi, zehiniňi, kalbyňy asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eseri döretmek mümkindir.
Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda guralýan baýramçylyklaryň bezegine öwrüldi. Bedewleriň gözelligi we çeýeligi hem-de çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda hemişe ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar diňe bir atçylyk sungatynyň ähli çylşyrymly tilsimlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmän, adam bilen bedewiň ajaýyp sazlaşygyny görkezýärler.
Atageldi GARAJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Awtomobil ýollarynyň
gurluşygy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini
wagtlaýyn ýerine ýetiriji.