Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, paý­tag­ty­myz­da­ky Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li pu­da­gyň has ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­ri­ne “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­na bo­lan be­ýik söý­gü­si üçin” di­ýen or­de­ni, “Gaý­rat” we “Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin” me­dal­la­ry­ny gow­şur­mak hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy” we “Türk­me­nis­ta­nyň halk at­şy­na­sy” di­ýen hor­mat­ly at­la­ry dak­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Bu ýo­ka­ry sy­lag­lar we hor­mat­ly at­lar ola­ra at­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge go­şan go­şan­dy, hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň to­hum aras­sa­ly­gy­ny, hil de­re­je­si­ni sak­la­mak­da, türk­men be­dew­le­ri­niň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry hem-de hü­när us­sat­ly­gy göz öňün­de tu­tu­lyp gow­şu­ryl­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de we Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň Х bi­le­lik­dä­ki ýu­bi­leý mej­li­sin­de hor­mat­ly Prezidentimiz as­so­sia­si­ýa­nyň ýur­du­myz­da we da­şa­ry döw­let­ler­de ahal­te­ke at­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş alyp bar­ýan ag­za­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­dir­di we ola­ry ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak hem-de hor­mat­ly at­la­ry dak­mak ha­kyn­da­ky çöz­gü­di ka­bul eden­di­gi­ni aý­dyp, de­giş­li Per­man­la­ra gol çek­di.

Bu çä­re ýur­du­myz­da öz iş­le­ri­ni nus­ga­lyk de­re­je­de alyp bar­ýan, ahal­te­ke be­ew­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da äh­li güýç-gaý­ra­ty­ny, hü­när us­sat­ly­gy­ny, bi­li­mi­ni we uky­by­ny gaý­gyr­ma­ýan adam­la­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­niň we hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Olar öz zäh­met­le­ri bi­len hem­me­le­re, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ra gö­rel­de bol­ýar­lar.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar my­na­syp bo­lan sy­lag­la­ry­ny buý­sanç duý­gu­la­ry bi­len ka­bul edip, öz­le­ri­niň aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň baş sa­ny­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len zäh­met­le­ri­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar we be­hiş­di be­dew­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy­na, ola­ryň to­hum­çy­lyk işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge mun­dan beý­läk-de go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.
Be­hiş­di be­dew­le­re aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýan, at çap­ma­gyň us­sa­dy we at­çy­lyk spor­tu­ny yzy­gi­der­li wa­gyz ed­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de baý ga­dy­my däp­le­ri bo­lan mil­li at­şy­nas­lyk ýö­rel­ge­le­ri my­na­syp de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýär.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri asyr­la­ryň do­wa­myn­da türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şy­nyň mö­hüm ug­ru­na, we­pa­ly ýol­da­şy­na, onuň şöh­rat­ly ta­ry­hy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Hal­ky­my­zyň dö­re­den “Ir­den tur-da, ata­ňy gör, ataň­dan soň – aty­ňy”, “Aty ba­ryň – ga­na­ty bar”, “At­da aýak bol­sa, öz­ge syn bol­maz” ýa­ly ga­nat­ly jüm­le­ler mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Be­hiş­di be­dew­ler dün­ýä at­şy­nas­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň nus­ga­sy, mil­le­tiň mil­li gym­mat­ly­gy we onuň buý­san­jy hem-de şöh­ra­ty bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­myz­da yk­ba­ly­ny ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ba­gyş­lan adam­lar çuň­ňur hor­mat-sar­pa bi­len gur­şa­lan­dyr. Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li at­çy­lyk pu­da­gyn­da has ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­re Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Kä­ri­zek” ge­ňeş­li­gin­dä­ki Aba An­na­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýän döw­re­bap oba­nyň tä­ze öý­le­ri­niň açar­la­ry gow­şu­ryl­dy.
Pe­der­le­ri­mi­ziň be­dew­le­re bo­lan söý­gü­sin­den we mä­hir­li gat­na­şy­gyn­dan ruh­lan­ýan mil­li Li­de­ri­miz be­hiş­di be­dew­ler we us­sat at­şy­nas­lar ha­kyn­da­ky ala­da­ny Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öwür­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de ahal­te­ke be­dew­le­ri di­ňe bir mil­li döw­let­li­li­giň ny­şa­ny bol­man, eý­sem, türk­men hal­ky­nyň ze­hi­ni­niň we zäh­met­sö­ýer­li­gi­niň, onuň dö­re­di­ji­li­giň we ösü­şiň be­lent­lik­le­ri­ne bo­lan çe­me­leş­me­le­ri­niň aý­dyň be­ýa­ny­na öwür­di. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Wa­ta­ny­myz üçin yk­bal­çö­zü­ji be­ýik iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan za­ma­na­sy bo­lan Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ruh­lan­dy­ry­jy­sy­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Begmyrat MYRADOW,
Türk­menistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.