Şu gün­ler “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şa­ny­na toý-da­ba­ra­la­ry giň­den tu­tul­ýar. Her ýy­lyň ap­rel aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de uly da­ba­ra bi­len bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gi­ni gur­şap al­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry esa­syn­da be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­myz toý-baý­ram­la­ra bes­len­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan, owa­dan­lyk­da, ýyn­dam­lyk­da, çy­dam­ly­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hor­ma­ty­na ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň ýyn­dam­ly­gy­ny, gör­ka­na­ly­gy­ny ja­ha­na ýaý­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­satly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ne­sil­den-nes­le aýaw­ly ge­çi­ri­lip gel­nen at­çy­ly­gyň iň go­wy däp­le­ri di­kel­dil­di hem-de tu­tuş ta­ry­hyň do­wa­myn­da türk­men hal­ky­nyň we­pa­ly hem­ra­la­ry we dost­la­ry bo­lup hyz­mat eden be­hiş­di be­dew­le­riň dün­ýä do­lan şöh­ra­ty tä­ze be­lent­li­ge gal­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­nyň dür­li dö­wür­le­rin­de aja­ýyp at­la­ry­myz he­mi­şe onuň şöh­rat­ly ta­ry­hy­nyň be­ze­gi bol­dy. Dün­ýä at­çy­ly­gyn­da saý­la­ma to­hum ha­sap­lan­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri hal­ky­my­zyň gen­ji-ha­zy­na­sy, onuň kal­by­nyň ga­na­ty, mil­li mi­ra­sy ha­sap­lan­ýar. Be­hiş­di be­dew­le­ri­miz gaý­duw­syz türk­men ji­git­le­ri­niň we­pa­ly ýol­daş­la­ry, kyn gün­le­rin­de bol­sa ýü­rek­deş­le­ri bo­lup gel­di.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ha­ky­ky muş­da­gy bo­lan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­daw­syz ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da aras­sa gan­ly saý­la­ma ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň sa­ny­ny art­dyr­mak, aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň abraýyny dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da şu pu­da­gyň dü­zü­mi­ni ös­dür­mek, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek, spor­tuň at­çy­lyk gör­nüş­le­ri­ni we at çap­ma­gyň mil­li däp­le­ri­ni ýaý­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz”, “Ga­da­my bat­ly be­dew”, “At­da we­pa-da bar, sa­pa­-da” ýa­ly en­çe­me ki­tap­la­ry de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk be­dew­ler üçin ede­bi ýa­dy­gär­li­ge öw­rü­lip, asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den ge­çip gel­ýän aja­ýyp be­dew­le­re bo­lan aý­ra­tyn hor­ma­tyň hem-de çäk­siz söý­gi­niň çeş­me­si bo­lup dur­ýar.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň muş­dak­la­ry­nyň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan we at­şy­nas­la­ryň ara­syn­da hü­när bäs­le­şi­gi ha­sap­la­nyl­ýan gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­tan­da at­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň sak­lan­ma­gy­na we ola­ryň baş sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na, aja­ýyp be­dew­le­riň mun­dan beý­läk-de wa­gyz edil­me­gi­ne, türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy bo­lan be­dew­le­riň dün­ýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da at­çy­ly­gyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­ni tä­ze­den di­kelt­mek we ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän äh­li iş­ler öz­gert­me­le­re gö­nük­di­ri­len bi­te­wi sy­ýa­sat­dan ge­lip çyk­ýar we şun­da türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi­ne hem-de aýaw­ly sak­la­nyl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
At­çy­lyk pu­da­gy­nyň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bu ugur­da ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li iş­le­riň my­sa­lyn­da hem gör­mek bol­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň Kä­ri­zek ge­ňeş­li­gi­niň Aba An­na­ýew oba­syn­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň 600-si­ni sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen döw­re­bap at­çy­lyk top­lu­my üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de de­giş­li dü­züm­ler, şol san­da at­şy­nas­lar üçin ni­ýet­le­nen ýa­şa­ýyş jaý­la­ry we dur­muş mak­sat­ly beý­le­ki des­ga­lar bar.
Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk we Aş­ga­ba­dyň at­çy­lyk sport top­lum­la­ry­nyň ça­puw ýo­da­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy. Po­lit­rek dü­şe­gi bo­lan ýo­da­lar teh­ni­ka­nyň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry bi­len üp­jün edil­di. At ça­py­şyk­la­ry­ny we at­çy­lyk spor­ty bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin Aş­ga­ba­dyň at­çy­lyk sport top­lu­my dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­dy. Bu ýer­de tür­gen­ler we to­ma­şa­çy­lar üçin aň­ry­baş amat­ly şert­ler dö­re­dil­di. Bu ýer­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar top­lu­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­ka­ry hal­ka­ra ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni äş­gär et­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän we 120 aty sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen Hal­ka­ra ka­ran­tin mer­ke­zi gu­rul­dy. Mu­nuň özi hal­ka­ra ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da, türk­men ça­pyk­su­war­la­ry­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­re gat­naş­ma­gy üçin ze­rur şert­le­ri üp­jün et­mä­ge, şeý­le hem ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak üçin beý­le­ki döw­let­ler­den ge­len be­dew­le­riň ke­sel­ler­den aras­sa­dy­gy­ny bar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň taýsyz ta­gal­la­lary ne­ti­je­sin­de, be­dew äh­li­halk söý­gü­si­ne my­na­syp bol­dy hem-de asyr­la­ryň, ne­sil­le­riň we ýe­ňiş­le­riň, zäh­me­tiň, ru­hu­be­lent­li­giň saz­la­şy­gy­nyň hem-de dö­re­di­ji­li­giň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny özün­de jem­läp, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­niň baş ny­şa­ny­na öw­rül­di.

Gur­ban­my­rat DÖW­LE­TOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň uly
mu­gal­ly­my.