Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şy­nyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Şu gün­ler ýur­du­myz­da be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şa­ny­na uly toý­lar tu­tul­ýar. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak ug­run­da ir­gin­siz ala­da ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 2007-nji ýyl­da “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry dö­re­dil­di. Türk­men ýi­git­le­ri dün­ýä­de hal­ky­my­zyň baý me­de­ni­ýe­ti­niň buý­san­jy­na we gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak­da um­ma­syz uly iş­le­ri bi­tir­ýär.

“Gal­ky­nyş” to­pa­ry hal­ky­my­zyň söý­gü­si­ni ga­za­nyp, da­şa­ry ýurt­la­ryň to­ma­şa­çy­la­ry­ny hem haý­ran gal­dyr­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Bu to­pa­ryň dür­li ýurt­lar­da ama­la aşy­ran aja­ýyp çy­kyş­la­ry, şeý­le hem sirk sun­ga­ty­nyň hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ryn­da­ky haý­ran gal­dyr­ýan çy­kyş­la­ry mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz be­hiş­di be­dew­le­riň dün­ýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gyn­da “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry­na mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol­daw­la­ryn­dan hem-de ýa­daw­syz ala­da­la­ryn­dan ruh­lan­ýan bu to­par iri hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­niň we sirk sun­ga­ty­nyň fes­ti­wal­la­ry­nyň ab­raý­ly baý­rak­la­ry­na en­çe­me ge­zek my­na­syp bol­dy.
“Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry 2013-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä sirk sun­ga­ty­nyň fes­ti­wa­lyn­da ga­za­nan il­kin­ji uly ýeň­şin­den baş­lap, da­şa­ry ýurt to­ma­şa­çy­la­ry­ny haý­ran gal­dyr­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Şol il­kin­ji ýe­ňiş ga­za­ny­lan fes­ti­wal­da türk­men ar­tist­le­ri­ne baş baý­ra­gy — “Al­tyn Idol” Ku­bo­gy­ny goş­mak bi­len, bäs­le­şi­giň äh­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça di­ýen ýa­ly baş baý­rak­lar gow­şu­ryl­dy.
2014-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Ita­li­ýa­nyň La­ti­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len XVI Hal­ka­ra sirk fes­ti­wa­ly türk­men ji­git­le­ri­ne no­bat­da­ky aja­ýyp ýeň­şi ge­tir­di, şon­da bu to­pa­ryň ag­za­la­ry­na bäs­le­şi­giň baş baý­ra­gy — Al­tyn ku­bok, şeý­le hem beý­le­ki baý­rak­lar we Ita­li­ýa­nyň ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň dip­lo­my gow­şu­ryl­dy.
2015-nji ýyl hem şo­nuň ýa­ly bol­dy. Sirk sun­ga­ty­nyň hal­ka­ra fes­ti­wa­lyn­da bu ge­zek Hy­taý­da, Gu­an­dun we­la­ýa­ty­nyň Çžu­haý şä­he­rin­de “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ji­git­le­ri dün­ýä­niň 22 ýur­dun­dan meş­hur sirk to­par­la­ry­nyň 32-si­niň ara­syn­da iň go­wy to­par diý­lip yk­rar edil­di we baş baý­ra­ga — Al­tyn ku­bo­ga my­na­syp bol­dy.
Şeýlelik bi­len “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ýe­ňiş­li sa­par­la­ry Ýer ýü­zi bo­ýun­ça do­wam et­di. 2016-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pan-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da türk­men at­ly­la­ry ýe­ňi­ji bo­lup, ýa­ry­şyň baş baý­ra­gy­ny eýe­le­di­ler. Ýe­ne-de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy al-as­ma­na gö­te­ril­di we äh­li türk­me­nis­tan­ly­lar “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry bi­len üs­tün­li­giň şat­ly­gy­ny paý­laş­dy­lar.
2018-nji ýy­lyň maý aýyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Fon­tan­ka­da­ky” sirk sun­ga­ty­nyň I Hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da hem türk­men at­ly ýi­git­le­ri “Al­tyn Gae­ta­no” di­ýen baş baý­ra­ga my­na­syp bol­du­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sir­ki­niň “Türk­men ji­git­le­ri” to­pa­ry­nyň ag­za­la­ryn­dan yba­rat bo­lan bu to­pa­ryň üs­tün­li­gi dün­ýä­niň esa­sy are­na­la­ryn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ze my­na­syp we­kil­çi­lik ed­ýän wa­tan­daş­la­ry­my­za hal­ky­my­zyň buý­san­jy­ny no­bat­da­ky ge­zek art­dyr­dy.
AK­HA­NYŇ
DÜN­ÝÄ
RE­KOR­DY
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ak­han at­ly be­de­wi Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da öz my­na­syp or­nu­ny al­dy. Ak­ha­nyň haý­ran gal­dy­ran gör­ke­zi­ji­si ka­nu­na­la­ýyk­dyr. Çün­ki bu tä­sin aty mil­li Li­de­ri­mi­ziň hut özi ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di. Aja­ýyp ça­pyk­su­war hem-de at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň jan­kö­ýe­ri bo­lan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu aty 2018-nji ýy­lyň 29-njy iýu­nyn­da 10 metr ara­ly­gy iki aýa­gy­nyň üs­tün­de dik du­rup 4,19 se­kunt­da ge­çip, dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­mek bi­len, Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di. Bu gör­lüp-eşi­dil­me­dik tä­sin­lik kalp­lar­da eg­sil­me­jek buý­sanç duý­gu­sy­ny oýar­dy. 2006-njy ýyl­da dog­lan Ak­han özü­niň te­bi­gy gö­zel­li­gi bi­len aý­ra­tyn hä­si­ýe­te eýe­dir. Ata­sy Gurp­ly, ene­si Ru­hu­be­lent bo­lan syn-sy­ýak­ly be­dew hüş­gär­li­gi, ýyn­dam­ly­gy, gar ýa­ly ak sy­na­sy bi­len he­mi­şe ün­si özü­ne çek­ýär. Dün­ýä­de bäş ge­zek çem­pi­on bo­lan “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň gu­wan­jy bo­lan Ak­han ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da he­mi­şe üstün­lik­li çy­kyş edip gel­ýär.