Atlar owadan we güýçli jandarlar bolup, gadymy döwürlerden bäri adamlara ýakyn ýaşapdyr. Adamlar atlary eldekileşdirip, dürli maksatlar üçin ulanyp başlapdyrlar. Uly tohumly atlar ýük gatnatmakda we söweşlerde ulanylypdyr.
Dünýäniň uly atlarynyň
käbirleri barada maglumatlar:
Digger (boýy 1,96 m): Şotlandiýanyň äpet bedewi Diggeriň boýy 1,96 metr, agramy 1200 kg. Günde 25 kg ot iýip, takmynan, 100 litr suw içse, özüni gowy duýýar. Bu uly at Angliýanyň Şa aýalynyň at polkuna kabul edilipdi.
Bruklin Sýuprim (boýy 1,98 m): bu äpet at 20 ýyl ýaşady, onuň agramy 1450 kg, boýy 1,98 metre barabar boldy. Bruklin Ikinji jahan urşundan öň Belgiýada ýaşapdy. Ilatyň arasynda uly meşhurlyk gazanyp, sergilerde we ýarmarkalarda görkezildi.
Kreker (boýy 1,98 m): Angliýada “Kreker” lakamly meşhur bedew teleýaýlym ýyldyzy hasaplanýar. Boýy 1,98 metr bolan bu atyň agramy 1200 kilograma deňdir. Günüň dowamynda 130 litr suw içýär, käşir, ot iýýär we gandy gowy görýär.
Noddi (boýy 2,05 m): Noddiniň boýy 2,05 metr, agramy bolsa 1300 kilograma deňdir. Ol şaýr tohumyndandyr. Bu tohumyň häzirki wagtda dünýäde, takmynan, 2 müňden gowragy bar. Atyň şeýle ulusyny saklamak gaty gymmada düşýär.
Dýuk (boýy 2,07 m): 1310 kilogram agramdaky bu at halaýan adaty bolmadyk almalary sebäpli çalt ösýär. At her günde 10 kilograma çenli däne ekinlerini, takmynan ýüz litre çenli suw içýär. Aty biynjalyk edýän zat gemrijilerdir.
Big Jeýk (boýy 2,17 m): ABŞ-nyň Miçigan ştatynda ýaşaýan Big Jeýk Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek hormatyna eýe boldy. Galyberse-de, bu häzir dünýäde ýaşaýan iň uly at. Dünýädäki iň uly atlar sanawymyzda üçünji orny eýeleýär. Big Jeýk 11 ýaşynda 2,17 metre çenli ulaldy we agramy 2400 kg töweregi.
Beýik Samspon (boýy 2,20 m): XIX asyrda ýaşap geçen bu atyň agramy, takmynan, 1520 kg, boýy 2,20 metr bolup, şaýr tohumyna degişlidir.
Kerim Muhammedow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.