Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II haý­wan­la­ry go­wy gör­ýär. Ol, esa­san hem, at­la­ryň muş­da­gy­dyr. Şo­nuň üçin Şa ze­na­ny­na de­giş­li at­lar ýur­duň çä­gin­de ge­çi­ri­lýän dür­li de­re­je­dä­ki at ça­py­şyk­la­ry­na gat­naş­dy­ryl­ýar. Şa ze­na­ny­na de­giş­li be­dew­ler 31 ýyl­da 534 ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bol­dy. At ça­py­şyk­la­ryn­da ga­za­ny­lan gir­de­ji 7,7 mil­li­on ster­ling ýa-da 10 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar­dyr.
Pa­ty­şa maş­ga­la­sy at­la­ry söý­me­gi bi­len ta­nal­ýar. Şa ze­na­ny­nyň “Cho­ir Boy” at­ly aty 1953-nji ýyl­da özü­niň il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, Pa­ty­şa ku­bo­gy­ny eýe­le­di. Ýe­li­za­we­ta II-niň at­la­ry 3205 ça­py­şy­ga gat­na­şyp, 534 ge­zek ýe­ňi­ji bol­ma­gy ba­şar­dy.
31 ýy­lyň do­wa­myn­da Şa ze­na­ny 7 mil­li­on 768 müň ster­ling ga­zan­dy. Iň gir­de­ji­li ýyl 2016-njy ýyl bol­dy. Şol ýyl pa­ty­şa maş­ga­la­sy­na de­giş­li at­lar 560 müň ster­ling ga­zan­dy­lar. Ýe­li­za­we­ta II-niň at­la­ry or­ta­ça her ýyl 10 ýe­ňiş ga­zan­dy­lar. Ge­çi­ri­len sel­jer­me­le­re gö­rä, Şa ze­na­ny­nyň at­la­ry soň­ky üç on­ýyl­lyk­da 16,1% ýe­ňiş ga­zan­dy.

Faruh SAPAROW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.