Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasydyr.
Bedew – ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç.
Atçylyk ýöne bir miras bolman, ol ýaşaýşa bolan söýgini müdimileşdiren ebedi sungatdyr.
Men ahalteke bedewinde külli adam ykbalynyň küti sahypalaryna giren we onda mäkäm ornaşan bitewüligi görýärin.
Türkmen halylary kaşaň köşklere laýyk hasap edilýän bolsa, bedewler hem asylly begzadalaryň göwnüni göterýän ajaýyp dostlarydy.
Adamlaryň asyrlaryň dowamynda gazanan ýeňişleriniň ýarany – ahalteke bedewleri.
Biziň şöhratly üstünliklerimiziň alamaty – bedewlerimiz!
Ata-babadan türkmen perzendiniň zandyna guýlan edep-tälimi hem biziň ahalteke bedewlerine söýgimizde jemlenýär.
Gözellik hem-de sahylyk alamatlary durkuna ornan tebigatyň täsinligindedir. Täsinlik – bedewlerimiz, olar tebigatyň eçilen baýlygy, sungatymyzyň göwheri.
Bedew atlar – gerçek gaýratynyň nusgasy. Watançylyk duýgynyň beýikligi, bedew atlar şol beýiklikdäki ýyldyzlar.
Gysgaça aýdylanda bolsa, ahalteke bedewleri adamyň gadymyýetden bäri dowam edip gelýän gözleginiň – gözellik gözleginiň netijeleridir.
Gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler türkmen gerçeginiň müdimi ýaranydyr.
Ata-babalarymyzyň ýaşaýşyň külpetli mahallarynda özüni ýalňyz goýmadyk, endişesini deň çekişen bedewi – mukaddeslik.