Jandar­laryň ara­syn­da ada­myň iň we­pa­ly dos­ty bolan atlar eýesini as­la terk et­me­ýär­ler.
Atyň tü­ýi be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy­ny de­ňag­ram­ly sak­la­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Atyň be­de­ni­niň gyzgynlygy he­mi­şe 38 dereje bol­ýar.
Atyň tüýi bedeniniň gyz­gyn­ly­gynyň ka­da­ly sak­lan­ma­gy üçin gy­şy­na ös­ýär, ýa­zy­na bol­sa dü­şüp, tä­ze­len­ýär.
Atlar aýak üs­tün­de uk­la­ýa­rlar. Dik du­rup uk­lan ma­ha­ly ola­ryň aýak­la­ry “gulp­lan­ýar”.
Atlaryň güýç­li süňk­le­ri ga­ty çap­mak­la­ry­na we agyr ýük­le­ri da­şa­mak­la­ry­na ýar­dam ed­ýär.
Beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da ola­ryň ýaý­jyk süňk­le­ri bol­ma­ýar. Bu bol­sa, ola­ryň ädim­le­ri­niň has giň bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Atlaryň çap­ýan ma­ha­ly tiz­li­gi­ni art­dyr­dy­gy­ça, sarp ed­ýän kuw­wa­ty­ny azald­ýan mus­kul-süňk be­den gur­lu­şy bar. Atla­ryň tiz­li­gi art­dy­gy­ça itiş güý­ji üçin sarp edil­ýän güýç azal­ýar, he­re­ket uky­by art­ýar.
Dün­ýä­de atyň 150 tö­we­re­gi gör­nü­şi bar.
Hä­zi­re çen­li ha­sa­ba al­nan iň uzak ýa­şan “Old Bil­ly” at­ly iň­lis aty 62 ýa­şap­dyr.
Atyň gu­la­gy nä­hi­li duý­gy­ny baş­dan ge­çir­ýän­di­gi­ni hem aň­lad­ýar. At haý­sy­dyr bir za­da ga­ty üns ber­ýän bol­sa, gu­lak­la­ry­ny hek­gerd­ýär.