Nal: atyň toýnagyna kakylýan ýarym aýlaw demir.
Myh: atyň toýnagyna nal kakylanda ulanylýan ýörite ýasalan çüý.
Uýan: atyň kellesine geýdirilýän agyzdyrykly, uzyn goşa gaýyş bagly esbap.
Simtaraş: atyň toýnagyny gyrmak üçin ulanylýan oraga meňzeş ýiti gural.
Dogabag: atyň boýnuna dakylýan ýüzi kümüşli gaýyş ýa-da alaja görnüşli örülen ýüp.
Tekeltgi: eýeriň aşagyndan salynýan ýüzi gaýyşdan, aşagy keçeden edilen ýona.
Gaşaw: atyň endamyny gaşap arassalamak üçin çotga ýaly enjam, at daragy.
Irişme: esasan, atyň kellekisiniň alkym halkasyna baglanýan zynjyr ýa-da ýüp.
Käkil: atyň maňlaýyna dökülip duran ýal.
Akýal: ýaly, guýrugy ak, çypar reňkli at (çypar – gyzylymtyl sary, sargylt, sargylt-ak reňk).
Çabdar: aýaklarynyň köp ýeri ak, göwresi gyzylymtyl at.
Gündüşmez: atyň toýnagynyň syrt gapdalyndaky çukanak ýer.
Çakan: kirpikleri sary, çalymtyl-mawy gözli at.
Demirgyr: çalymtyl-gara reňkli at.
Dor at: gyzgylt-mele reňkli at.
Gyr at: çalymtyl reňkli at.
Ýorga: çapuw däl-de, müngi aty, ortaça gezerli at.
Taýpar: ýaňy münüş öwredilen taý.
Ýapaga: ýaşajyk taý.
Gulun: süýt emýän taý.
Taýçanak: bir ýaşynyň içindäki at.
Gunan: iki ýaşan erkek taý.
Dönen: dört ýaşynyň içindäki at.
Bakan: atyň toýnagynyň iç ýüzündäki oýtak ýer.
Sekil: käbir atyň aýaklarynyň dyzyndan aşakdaky ak ýeri.