“FA­WO­RIT” (SEA­BISCUIT) Re­žiss­ýor Ga­ri Ros­suň su­ra­ta dü­şü­ren bu fil­min­de To­bi Ma­guaýr, Jeff Brij­jes, Kris Ku­per, Eli­za­bet Banks ýa­ly ar­tist­ler esa­sy keşp­le­ri jan­lan­dyr­dy. 2003-nji ýy­lyň önü­mi bo­lan film üçin 90 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edil­di. Onuň pro­kat­dan ga­za­na­ny bol­sa 150 mil­li­on dol­lar­dan geç­di. 1930–40-njy ýyl­la­ryň kyn­çy­lykly döw­rün­de ame­ri­ka­ly­la­ryň mil­li buý­san­jy­na öw­rü­len Si­bis­ku­it at­ly at ba­ra­da­ky bu film Os­kar baý­rak­la­ry­nyň 7 ug­ry bo­ýun­ça da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. 40-a go­laý ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­za­nan bu at 1938-nji ýyl­da “ýy­lyň aty” saý­la­nyp­dy. Buk­meý­ker­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Si­bis­ku­it şol wag­tyň gör­ke­zi­ji­si bi­len 500 müň dol­la­ra go­laý pul ga­zan­dy­ryp­dyr. Si­bis­ku­it 4 ýa­şar at­la­ryň ara­syn­da 4 ge­zek re­kord go­ýup­dyr.

“AT­LY­LAR” (WSAD­NI­KI) Re­žiss­ýor Wa­dim Kost­ro­men­ko­nyň 1972-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ren “At­ly­lar” fil­mi­ni bil­me­ýän­ler az-az bol­sa ge­rek. Ikin­ji Ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da bo­lup ge­çen wa­ka­lar ba­ra­da söh­bet aç­ýan film to­ma­şa­çy­la­ryň gyz­gyn söý­gü­si­ne my­na­syp bo­lup­dy. Wa­si­liý Re­şet­ni­ko­wyň sse­na­ri­si esa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ri­len 2 bö­lüm­li çe­per film­de Wla­di­mir Ýaç­mins­kiý, Ana­to­liý Bar­çuk, Petr Lýu­beş­kin, Alek­sandr Le­be­dew ýa­ly öz döw­rü­niň meş­hur ar­tist­le­ri dür­li keşp­le­ri jan­lan­dy­ryp­dy.

“ÇEM­PI­ON” (SECRE­TA­RI­AT) Film­de ESPN sport te­le­ýaý­ly­my ta­ra­pyn­dan dü­zü­len XX asy­ryň 100 sport­çu­sy sa­na­wy­na gir­me­gi ba­şa­ran Sek­re­ta­ri­at aty­nyň ga­za­nan ba­şar­nyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu sa­naw­da­ky 300 tür­ge­niň di­ňe üçü­si adam däl. Şol üçüň bi­ri-de Sek­re­ta­ri­at aty bo­lup, onuň go­ýan re­kord­la­ry­ny en­tek­ler ow­sar­la­mak ba­şar­da­nok. Re­žiss­ýor Ren­dall Wol­les ta­ra­pyn­dan 2010-njy ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ri­len fil­mde Da­ýa­na Leýn, Jon Mal­ko­wiç, Aman­da Mi­çal­ka ýa­ly Gol­li­wu­dyň ta­ny­mal ar­tist­le­ri çy­kyş et­di. Film özü­ne sarp edi­len çyk­da­jy­nyň öwe­zi­ni 2 es­se di­ýen ýa­ly ödäp, prod­ýu­se­ri­ne gaý­tar­dy.

“IDAL­GO” (HI­DAL­GO) “Ýü­zük­le­riň hö­küm­da­ry” film­le­ri­niň ýyl­dy­zy, Gol­li­wu­dyň nor­we­gi­ýa­ly akt­ýo­ry Wig­go Mor­ten­se­niň su­ra­ta dü­şen bu fil­mi­ üçin 100 mil­li­on dol­lar­lyk çyk­da­jy edil­di. 2004-nji ýyl­da Jou Jons­ton ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­len film bel­li ame­ri­kan ça­pyk­su­wa­ry Frank Hop­kins we onuň eder­men aty Idal­go ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Idal­go 1891-nji ýyl­da­ky çyl­şy­rym­ly we kyn bäs­le­şik­den baş alyp çyk­ma­gy ba­şar­ýar. At bu gow­ga­ly, kyn­çy­lyk­ly ýa­ryş­da eýe­si­ni en­çe­me howp­dan go­ra­ýar, ha­las ed­ýär.
“ZE­NAN ÇA­PYK­SU­WAR” (RI­DE LI­KE A GIRL) Ge­çen ýyl ek­ran­laş­dy­ry­lan bu film­de dün­ýä­niň iň uly at­ça­py­şy­gy ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Mel­burn Ku­bo­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nan ýe­ke-täk ze­nan ça­pyk­su­war ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. 2015-nji ýyl­da Mel­burn Ku­bo­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nan Mi­şel­le Peýn ba­ra­da­ky fil­mi Ri­çard Grif­fit ssu­ra­ta dü­şür­di. Peý­niň keş­bin­de bel­li akt­ri­sa Te­re­za Pal­mer çy­kyş et­di. Iki sa­gat­lap do­wam ed­ýän ki­no muş­dak­la­ryň uly söý­gü­si­ni ga­zan­dy.

“SÖ­WEŞ ATY” (WAR HOR­SE) Ki­no sun­ga­ty­nyň meş­hur re­žiss­ýor­la­ryn­dan Sti­wen Spil­ber­giň “Sö­weş aty” fil­min­de Bi­rin­ji Ja­han ur­şun­da gah­ry­man­çy­lyk gör­ke­zen ýaş og­lan we onuň aty ha­kyn­da söh­bet açyl­ýar. Kino sun­ga­ty­nyň iň uly baý­ra­gy bo­lan Os­ka­ra 6 ugur bo­ýun­ça da­laş­gär gör­ke­zi­len ki­no 2011-nji ýyl­da su­ra­ta düşürildi. Film pro­kat­dan 180 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi girdeji gazandy. Ki­no­da esa­sy keşp­le­ri Je­re­mi Ir­win, Emi­li Wat­son, Pi­ter Mul­lan, Nils Arest­rup, De­wid Tew­lis ýa­ly ar­tist­ler jan­lan­dyr­dy.
“ÄH­LI OWA­DAN AT­LAR” (ALL THE PRET­TY HOR­SES) Ady ag­za­lan bu film­de Gol­li­wu­dyň 2 us­sat ar­tis­ti – owa­dan akt­ri­sa Pe­ne­lo­pe Kruz bi­len ta­ny­mal akt­ýor Mett De­mon su­ra­ta düş­di. 2000-nji ýyl­da ek­ra­na çy­ka­ry­lan fil­me Bil­li Bob Torn­ton re­žiss­ýor­lyk et­di. Film­dä­ki wa­ka­lar Mek­si­kada we ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­da bo­lup geç­ýär. At­ba­kar­la­ryň dur­mu­şyn­dan söh­bet aç­ýan film bir­nä­çe baý­rak ga­za­nyp­dy.

Şu ki­no­lar­dan baş­ga-da “Black Beau­ty” film­le­ri­niň 5 nus­ga­sy­ny, 3 bö­lüm­den yba­rat “Flicka” ki­no­sy­ny, “Sylves­ter” (1985) we “Tang­led” (2010) ani­ma­si­ýa­la­ry­ny, “Mis­ty” (1961), “The Der­by” (1895), “Buck” (2011), “Drea­mer” (2005), “The Hor­se Whis­pe­rer” (1998) ki­no­la­ry­ny my­sal ge­ti­rip bi­le­ris. Sa­na­wy ýe­ne-de uzalt­mak bo­lar.